Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa: Merkeliň sapary zorlukly protestler bilen garşy alyndy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Gresiýanyň premýer-ministri Antonis Samaras (sagda)

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Gresiýanyň premýer-ministri Antonis Samaras (sagda)

Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Gresiýanyň premýer-ministri Antonis Samaras bilen gepleşiklere başlan wagtynda Afiny şäherinde zorlukly protestler dowam etdi.

Merkeliň Gresiýa bolan alty sagatlyk bu sapary 2009-njy ýylyň maliýe krizisi ýewro giňişligine zarba uraly bäri birinji wizitidir.

Polisiýa gepleşikleriň geçýän ýeriniň golaýynda daş we ýandyryjy serişdeleri atan protestçilere garşy gözýaşardyjy gazy ulandy.

Gresiýanyň onlarça müň raýaty polisiýanyň berk gözegçiligine garamazdan soňky aýlaryň iň uly protest aksiýasyny geçirdi.

Gresiýanyň ähli künjeklerinden bolan ýedi müňden gowrak polisiýa işgäri protestçileri saklamak üçin Afiny şäherine jemlendi.

Protestleriň geçirilmegi Afiny şäheriniň merkezinde we Merkeliň ulag kerweniniň geçen ýerinden 100 metr golaýlykda gadagan edilipdi.

Maliýe goldaw

Geresiýanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi Merkeli bergä batan ýurdy halkara ýardamyna eýe bolmak üçin berk reformalary amala aşyrmaga mejbur etmekde aýyplaýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň iň güýçli ykdysadyýetli ýurdy bolan Germaniýa Gresiýa milliardlarça ýewro karz beren esasy ýurtlaryň biri.

Häzirki wagtda Gresiýanyň hökümeti býudjet girdeýjilerini çäklendirip, 130 milliard ýewro mukdarda täze karz almak ugyrnda gepleşik geçirýär.

Gresiýanyň hökümeti karzyň 31.5 milliard ýewro mukdarly bölegine eýe bolmasa şu ýylyň noýabr aýynda pulsuz galýandygyny aýtdy.

Merkeliň Gresiýa saparynyň dowamynda premýer-ministr Samarasa goldaw berjegine garaşyldy.

Samaras has köp reformlary geçirmäge çalyşýar. Ýurduň ençeme ýyl bäri çökgünlikde galýandygyndan nägile raýatlar bolsa reformalara garşy çykyş edýärler.

Merkel Gresiýany ýewronyň giňişliginde saklamagyň ugrunda hereket edýändigini aýdýar. Ol Gresiýanyň 17 ýurt tarapyndan ulanylýan ýewro walýutasyndan el çeken ýagdaýynda bulaşyklygyň döremeginiň ähtimadygyny aýtdy.

Onuň Gresiýa saparynyň öňüsyrasynda sişenbe güni Ýewropanyň Merkezi Bankynyň prezidenti Mario Draghi Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda Gresiýanyň “öňegidişlik gazanandygyny” emma “mundan beýläk ýene işlemelidigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG