Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda serhetaşyr pul geçirimleri aňsat däl


Türkmenistanda plastik kartalary diňe Daşary ykdysady döwlet bankynda açyp bolýar.

Türkmenistanda plastik kartalary diňe Daşary ykdysady döwlet bankynda açyp bolýar.

Ak sakgally, eli hasaly, egni köneje donly ýaşuly Kerim aga bankyň nobatynda birinji duranlaryň biri, ol titräp duran elleri bilen bank işgärine pullaryny uzadýar. Onuň derdi – ýaşaýan ýerinden daşary ýurda pul geçirip bilmeýänligi. Şonuň üçin ol Tagtabazar etrabyndan Mary şäherine gelipdir.

Türkmenistanyň etrap merkezlerinden daşary ýurtlara pul geçirimleri ýok. Pul geçirimlerini adamlar diňe welaýat merkezlerinde ýerleşýän banklaryň käbirlerinde amala aşyryp bilýärler. Etraplardan gelen adamlar daşary ýurtlara pul ibermek üçin azyndan bir ýa-da iki-üç gününi ýitirýärler. Köplenç pul geçirjek bolýanlar – daşary ýurtlarda çagalaryny okadýan ene-atalar.

Kerim aganyň GDA döwletleriniň birinde agtygy okaýar, ýöne uçar bilediniň gymmatlamagy sebäpli ol şu ýyl gelip bilmändir. Kerim aga ýarym sagatlyk iş üçin bir günden üç güne çenli wagtyny ýitirmeli bolýandygyny aýdýar. Ýaşy altmyşdan geçen ýaşulynyň aýtmagyna görä, onuň ýeke ogly işinden sypynyp bilmänsoň, agtygyna pul geçirmäne özi gelmeli bolýar.

“Etrabymyzdaky banklara barsaň, “Biz daşary ýurda pul geçirip bilemzok, Mara gidiň ýaşuly!” diýýärler. Mara çenli bolsa gowy aşdym diýeniňde dört-bäş sagat ýol geçmeli. Ýol erbet, bu ýaşdan soň agyr gelýär” diýip, Kerim aga zeýrenýär. Ol özüniň 200 manat pensiýa pulunyň ep-eslisini hem ýola sarp etmeli bolýandygyny hem aýdýar.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň aýtmagyna görä, olar okuw pullaryny tomusky dynç alşa gelenlerinde ýanlary bilen alyp gidýärler. Olaryň içinde GDA döwletlerinde okaýanlaryň ýyllyk tölegleri azyndan 1500 amerikan dollary. Käbirleri okuw ýylynyň ortasyna çenli okuw töleginiň ýarysyny töläp bilýän bolsa, beýlekileri ýylyň başynda okuw tölegini doly tölemeli. Okuw tölegleriniň her ýyl artýanlygy sebäpli, beýleki ene-atalaryň hem, Kerim aga ýaly, amatly pul geçirimine islegleri uly.

“Agtygym geçen ýyllar gelende okuw puluny öz ýany bilen alyp gidýärdi. Mundan başga-da, bile okaýan deň-duşlarynyň pullaryny hem alyp gidýärdi. Ýöne men alada edýärin. Sebäbi ol öz ýany bilen gaty köp pul alyp gidýär. Kyn bolsa-da, Mara gelip bank üsti bilen ugratmak amatly” diýip Kerim aga öz tejribesini göz öňünde tutup, bank geçirimlerini amatly görýär.

Daşarky tejribeler

Türkmenistanda daşary ýurtlarda okaýan studentlere esasan “Western Union” we “Visa” plastik kartalary bilen pul geçirip bolýar. Ýöne bu görnüşli pul geçirimleri diňe welaýat merkezlerinde bar, plastik kartalary bolsa diňe Aşgabatdaky Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynda açyp bolýar we diňe şol bankda plastik kartaňa pul goýulýar. Bankyň pul möçberinden tutup galýan göterimi Türkmenistanyň içinde 2%. Plastik kartalary bar adamlar ýanlarynda nagt pul götermeýärler. Ýöne etraplarda ol plastik kartalardan pul çekip alar ýaly bankomatlar ýok. Bankomatlar paýtagtyň we welaýat merkezleriniňem köp ýerlerinde ýok.

“GDA döwletlerinde ençeme wagtdan bäri adamlara aýlyk haklary bank hasaplarynyň üsti bilen tölenýär we bankomatlaryň hyzmaty giňden ulanylýar“ diýip, Belarusda okaýan türkmen studenti Maral aýdýar. “Banklar ilata pul geçirimleriniň ençemesini oba ýerlerinde hem hödürleýärler. Ol hyzmatlar adamlarda ýany bilen köp mukdarda nagt pul götermek adatyny ýatyrdy. Ol banklaryň köpüsiniň GDA döwletlerine pul geçirimleri üçin alýan göterimi pes, hyzmatlaryň ençemesi hem mugt. Ençeme banklar adamlara öz hyzmatlaryny internediň üsti bilen hem hödürleýär, bankda nobata durýan adamlary görmek kyn”.

Banklar hususylaşdyrylan, aralaryndaky bäsleşlik esasynda ilat köpçüligi üçin her hili amatly hyzmatlary hem kän.

Görnüşe görä, Türkmenistanda, internediň tizliginiň pes bolşy ýaly, bank hyzmatlary hem ilatyň agramly bölegini kanagatlandyryp bilmeýär. Ýerli ykdysadyýetçiler munuň esasy sebäplerini banklarda döwlet gözegçiliginiň gaty berk bolmagy, internediň tizliginiň pesligi we hususy banklaryň giňden ýaýramanlygy bilen düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, bular erkin bäsleşlige ýol açyp bilmeýär. Türkmenistanda ilkinji hususy bank bolan “RYSGAL” geçen ýylyň ahyrynda açyldy, onuň hyzmatlary bolsa esasanam telekeçilere gönükdirlen.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Daşary ýurtda okaýan studentleriň köpelmegi bilen pul geçirimlerine bolan isleg hem ýokarlanýar. Diňe bir Belarusyň özünde 14000-den gowrak türkmenistanly studentiň okaýanlygy barada Belarusyň Bilim ministirliginiň 2011-nji ýylda ýaýradan statistiki hasabatynda aýdylýar. Olaryň hemmesi paýtagtda ýa-da welaýat merkezlerinde ýaşaýanlar diýmek kyn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG