Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

On ýedi ýyldan soň açylan ýöriteleşdirilen Geňeş


Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň binasy
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň binasy
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Gurbanmyrat Mezilowyň 2012-nji ýylyň 6-njy awgustynda çykaran 6-njy buýrugy esasynda, şu ýylyň 1-nji sentýabryndan Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ýanynda döredilen, ylmy dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeş resmi ýagdaýda öz işine başlady. Ol her bir ylmy pudak boýunça däl-de, ähli ylymlar boýunça umumy açyldy.

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Gurbanmyrat Mezilow dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeşiň başlygydyr. Ylmyň her ugry boýunça bir ylymlaryň doktory Mezilowyň orunbasary bolup, Geňeşde şol alym öz ugry boýunça goraljak ylmy dissertasiýalaryň bölüm ýolbaşçysydyr, ol her bir ylmy işe doly jopgäpkärçilik çekmeli edilipdir.

Alym ýöriteleşdirilen Geňeşde ylmy işini goramak üçin, ilki başda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň her ylmy ugur boýunça degişli bölüminde Ylmy seminar synagyndan geçirilmeli. Mahlasy, häzir Türkmenistanda ylymlaryň kandidaty ýa doktory derejesini almak üçin tapgyrlaýyn synagdan geçmeli.

Alym ylmy işini dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeşde üstünlikli gorandan we bu Geňeşiň teklibi bilen Ýokary ylmy attestassion komitetiň ekspertler Geňeşi şol işi tassyklandan soňra, alyma goran ylmy dissertasiýasyna laýyklykda ylymlaryň kandidaty ýa doktory diýlen ylmy dereje berilýärdi. Emma häzirki düzgüne görä, alymyň üstünlikli goran ylmy işi boýunça oňa ylymlaryň kandidaty ýa doktorlyk derejesini bermek hakyndaky ýöriteleşdirilen Geňeşiň makullaýjy teklibini ekspertler Geňeşi tassyklandan soňra, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde hem şol alyma ylmy dereje bermek hakyndaky Karar tassyklanmaly edilipdir.

Tejribeli alymlaryň bir bölegi özara söhbetdeşlikde alyma ylmy derejäni bermegiň düzgünleriniň kynlaşdyrylmagyny garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda käbir adamlara tanyşparazlyk esasynda ylymlaryň kandidaty ýa doktory diýen ylmy derejäniň berilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Käbir alymlarymyz bolsa, döwlet emeldarlarynyň unalmadyk alymlara ylmy dereje bermek islemeýändikleri üçin, ylymlaryň kandidaty ýa doktory diýen derejäni almagyň şeýle kynlaşdyrylyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde tassyklanmaly edilendigini öňe sürýärler.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1995-nji ýylyň iýulynda Ylmy dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeşiň işini togtatmak hakyndaky Karara gol çekipdi, bu Geňeş şondan bäri ýapykdy. Ylmy dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeş on ýedi ýyldan soň öz işine başlady. Bu ýöriteleşdirilen Geňeşde Garaşsyzlyk baýramçylygymyza çenli azyndan iki alyma ylmy dissertasiýasyny goratmak göz öňünde tutulýandygy hakynda maglumat bar.

Alymlaryň işini janlandyrmak üçin aspirantlara, ylmy dalaşgärlere ýolbaşçylyk edýän alymlara 25 sagat pul tölegini bermegiň awgust aýyndan ýola goýlandygynam aýtmak gerek. Şu günler ylmy edaralaryň her bölüminde ýygnaklar geçirilip, alymlardan, esasanam ýaşlardan ylmy dissertasiýalaryny çalt ýazyp tamamlamak talap edilýär. Her bir ylym boýunça pudaklaýyn dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeşiň bir ýyldan uzak bolmadyk möhletde açyljakdygy hakynda hem umytlar bar.

Ylmy dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeşiň işläp başlamagy bilen alymlarymyzyň ylmy iş etmegine, ylmy dereje almagyna goýlan uly böwediň ýykylandygyny aýtsa bolar. Bu ýöriteleşdirilen Geňeşiň açylmagy alymlarymyzyň, esasanam, ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň janlanyp, işläp başlamagyna giň ýol açar diýip, umyt edýärin.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG