Sepleriň elýeterliligi

Iwanişwili we orslar


Dikleşmek bilen boýun bolmagyň arasyndaky altyn ortany tapmak Iwanişwili üçin iň agyr wezipeleriň biri bolar.

Dikleşmek bilen boýun bolmagyň arasyndaky altyn ortany tapmak Iwanişwili üçin iň agyr wezipeleriň biri bolar.

Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň aýtmagyna görä, onuň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen arasy 2004-nji ýylyň fewral aýynda geçiren ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşyklaryndan soň ýaramazlaşyp başlapdyr.

Aýdylmagyna görä, şonda Putin Saakaşwiliden Gürjüstanyň öňki prezidenti Eduard Şewardnadzeniň howpsuzlyk ministri bolup işlän Waleriý Kaburzaniýa degmezligi talap edipdir. Emma, munuň tersine, Saakaşwili Kaburzaniýanyň çinini peseldip, ony wezipesinden kowýar.

Şondan soň Orsýet-Gürjüstan gatnaşyklary derrew ýaramazlaşýar. 2008-nji ýylyň awgust aýyndaky söweşden bäri, Orsýetiň hökümeti Saakaşwili hökümet başyndaka Gürjüstan bilen hiç hili ýagdaýda işleşmejekdigini aýdyp gelýär.

Özüniň ýakynda geçiren üstünlikli saýlaw kampaniýasynda milliarder biznesmen Bidzina Iwanişwiliniň "Gürji arzuwy" blogy Gürjüstanyň Ýewropa integrasiýasyna tarap barýan ýoluny, Birleşen Ştatlar bilen ýakyn gatnaşyklaryny, şeýle hem NATO agzalygy boýunça planlaryny töwekgelçilige salmazdan, Moskwa bilen dikleşmäniň derejesini peseltjegini wada berdi.

Dikleşmek bilen boýun bolmagyň arasyndaky altyn ortany tapmak Iwanişwili üçin iň agyr wezipeleriň biri bolar. Ol 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Orsýetde ýaşap, şol ýerde işläpdi. Onuň ýakyn wagta çenli ors raýatlygy hem bardy.

Iwanişwiliniň bu işi nädip başarjakdygy ol 8-nji oktýabrda hökümetiň düzümini mälim edende belli bolana meňzeýär. Analitikleriň aýtmagyna görä, Iwanişwiliniň öz daşary syýasat toparyna saýlan adamlary onuň Moskwa bilen dartgynlylygy peseltmegi, ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi we ýurduň bölünip aýrylan we Moskwa tarapdary regionlary bolan Abhaziýa we Günorta Osetiýa boýunça Tbilisiniň çemeleşmesini täzeden gözden geçirmegi planlaşdyrýandygyny görkezýär.

Nýu-Ýorkda ýerleşýän Kolumbiýa uniwersitetiniň professory Linkoln Mitçel "Gürji arzuwynyň" maslahatçysy bolupdy. Onuň aýtmagyna görä, Gürjüstanyň daşary syýasaty boýunça hödürlenen adamlar ýurduň täze liderleriniň pragmatizmden ugur alýandygny görkezýär.

"Usul üýtgeşik, ýagny bu adamlar dawaçyl däl. Olar asuda we akylly adamlar. Meniň üçin iň uly tapawut şu" diýip, Mitçel aýdýar.

Daşary syýasat boýunça hödürlenen esasy adamlaryň arasynda BMG-däki öňki ilçi, Ýewropa integrasiýasynyň tarapynda durýan we Günbatar tarapdary bolan "Biziň Gürjüstan-azat demokratlarymyz" partiýasynyň lideri Irakli Alasaniýa hem bar. Ol goranmak ministri wezipesine bellenildi. Iwanişwiliniň metbugat wekili, Gürjüstanyň Germaniýadaky öňki ilçisi Maýa Panjikidze bolsa daşary işler ministri wezipesine bellenildi. Respublikan partiýasynyň resmisi Paatra Zakareýşwilä bolsa integrasiýa boýunça döwlet ministri wezipesi berildi. Bu ministrlik bölünip aýrylan regionlar bilen gatnaşyklara jogap berýär.

"Carnegie Endowment" guramasynyň Kawkaz boýunça eksperti Tomas de Waalyň pikiriçe, wezipä bellenen resmileriň terjimehaly Saakaşwiliiniň alyp baran syýasatynyň düýpgöter üýtgediljekdigini görkezýär.

"Paatra Zakareýşwili 10 ýyllyk tejribesi bolan örän düşünjeli, täsirli şahsyýet. Ol belki-de Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen gepleşiklere iň köp gatnaşan adamdyr. Ol söweş döwründe tussaglaryň alyş-çalşygyna we jesetleriň Abhaziýadan çykarylmagyna gatnaşypdy. Ol olara çyndanam hormat goýýar, olaram ony sylaýar" diýip, Tomas de Waal aýdýar.
XS
SM
MD
LG