Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ýetginjek gyzyň oka tutulmagy protest döretdi


Malala Ýousafzaýa edilen hüjümi ýazgaryp, Pakistanyň Peşawar şäherinde geçirilen protest aksiýasy.
Malala Ýousafzaýa edilen hüjümi ýazgaryp, Pakistanyň Peşawar şäherinde geçirilen protest aksiýasy.
Häpdäniň çarşenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Peşawar şäherinde 100-den gowrak adam parahatçylyk boýunça blog ýazýan 14 ýaşly gyzyň atylyp ýaralanmagyna protest bildirdi.

Malala Ýousafzaý, 9-njy oktýabrda öz klassdaşlary bilen bile mekdepden öýe barýarka mikroawtobusda oka tutuldy we keselhana düşdi.

Talyban Swat etrabynyň paýtagty Saidu Şarif şäherinde bolan bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we Ýousafzaýiň alyp baran işini “bihaýalyk” atlandyrdy.

Çagyryşlar we talaplar

Peşawardaky protestçiler terroçylygy ýazgaryjy şyrgarlary öňe sürdüler we öz çagalary üçin parahatçylykly geljegi talap etdiler.

Demonstrasiýa gatnaşan hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalaryň biriniň ýolbaşçysy Marýam Bibi hökümete ýüzlenip, Talybanyň ýerli ýaşaýjylary gorkuzmagynyň söňuna çykmaga çagyrdy.

“Şol adamlar öz isleglerini bize güýç arkaly etdirjek bolýarlar. Olar öz diýenini ejizlere etdirjek bolýarlar. Bigünä Malala hem mysallaryň biri”, diýip Marýam Bibi aýtdy.

Ýousafzaýiň Talybanyň rehimsizligi barada we Swat şäheriniň ilatynyň ýagdaýy barada 2009-njy ýylda BBC-i üçin ýazan bloglary halkara we Päkistanyň baýraklaryna eýe bolupdy.

Ýurduň prezidenti, premýer-ministri, pakistanly syýasatçylar, raýat jemgyýetçiligi we media ýetginjek gyza edilen hüjümi berk ýazgardylar.

Pakistanyň parlamenti çarşenbe güni kabul eden rezolýusiýasynda hökümeti hüjümi edenleri jezalandyrmaga we Ýousafzaýiň bejerilişini tölemäge çagyrdy.

Päkistanyň täsirli goşun generaly Aşfak Kaýani Ýousafzaýini görüp gaýtmak üçin keselhanada bardy we onuň oka tutulmagyny “aýylganç terrorçylykly hereket” atlandyrdy.

Halkara reaksiýasy

Ýousafzaýa garşy hüjüm ýurduň daşynda hem berk ýazgaryldy.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hüjümçileriň Owganystan-Päkistan serhetiniň iki tarapynda-da öňegidişlige we ösüşe garşy çykyş edýändiklerini belledi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland hüjümi “wagşyçylykly” we “ýüreksiz” atlandyrdy.

BMG-niň çagalaryň ýaragly konfliktlerdäki ýagdaýy boýunça ýörite weikili Leila Zerrougui hüjümi berk ýazgaryp çykyş etdi.

Ýouzafzaýiň maşgalasynyň ýakyn dosty Ahmad Şah Malalanyň boýnundan oky çykarmak üçin edilen operasiýadan soňky ýagdaýynyň durnuklydygyny aýdy.

Şah Malala Ýouzafzaýiň doktorlaryň gözegçiligi astynda saklanýandygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG