Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan gidýan köp-de, gaýdýan az


Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Migrasiýa gullugy, 25-nji sentýabr, 2012.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Migrasiýa gullugy, 25-nji sentýabr, 2012.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna gidip, yzyna dolanmaýan raýatlaryň sanynyň köpelmegine aladalanma bildirýärler. Dürli çeşmelerden gowuşýan maglumatlara görä, şeýle raýatlaryň sany soňky ýylyň dowamynda 100 müň adamdan aşypdyr.

Türkmenistandan gidýän we yzyna dolanmaýan adamlaryň sanynyň gitdigiçe köpelýändigi habar berilýär.

Hususan-da “Uruş we parahatçylyk maglumatlary instituty” Türkmenistanyň Migrasion gullugyndaky resmi çeşmelerine salgylanyp, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Türkmenistanyň daşyna 150 müň adamyň çykandygyny we olardan 110 müň adamyň ýurda gaýdyp gelmejeginiň çak edilýändigini habar berdi.

Şuňa meňzeş sanlar ýakynda türkmen resmileriniň çykyşlarynda hem agzaldy.

Sentýabr aýynyň aýagynda Lebap welaýatynyň Sakar etrap häkimliginde geçirilen ýygnaklaryň birinde edilen çykyşlarda bir ýylda 111 müň 260 adamyň daşary ýurtlara gidendigi, olardan 34 müň adamyň Lebap welaýatyndandygy habar berildi.

Lebaply habarçymyz Umyt Jumaýewiň maglumatyna görä, welaýatyň häkimi “daşary ýurtlara gidýänler turist, diýip dokument dogurlaýarlar, 10 günden ýa-da bir aýdan gaýdyp geleris diýip, aňyrda köp ýyllap ýaşap ýörler”, diýip aýdypdyr.

Çykmak üçin mümkinçilik

Häzirki wagtda syýahatçylyk türkmen raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagy üçin iň elýeterli mümkinçilik bolup durýar. Ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, häkimiýetler muňa göz ýetirýärler.

“Uruş we parahatçylyk maglumatlary instituty ” Türkmenistanyň Migrasion gullugynyň resmisiniň syýahatçy hökmünde daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar barada “hakykatda olar syýahatçy däl-de, adaty bir söwdegärler, işsizler we ýaşlar”, diýip aýdandygyny belleýär.

Maglumata görä, türkmen raýatlarynyň arasynda ýurduň daşyna çykmaga islegleriň artmagy syýahatçylyk şirketleri üçin girdeýjili bolýar. Döwlet syýahatçylyk komitetine degişli şirketleriň gazanjynyň 85% “daşary ýurtlara syýahatçy bolup gidýän adamlaryň hasabyna emele gelýär”, diýip maglumatda aýdylýar.

"Barsa-gelmez" ýa-da öňüni alyjy çäreler

Türkmenistandan 10-15 günlük wiza bilen gaýdýanlaryň daşary ýurtlarda adatça bikanun galýandyklary, muňa garamazdan köp türkmenistanlynyň köplenç hut şu mümkinçilikden peýdalanýandygy, sebäbi ýurtdan düzgüne laýyk çykmak prosessiniň käte ýarym ýyllap uzaga çekýändigi habar berilýär.

2013-nji ýyldan Türkmenistanda täze passportyň girizilmeginiň-de raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyny kynlaşdyrjagy çak edilýär. Türkmen raýatlary 2013-nji ýylda köne pasportyň güýjüni ýitirýändigini, täze passport almak üçin bolsa zerur dokumentleri toplamakda häkimiýetleriň kynçylyk döredýändiklerini habar berýärler.

Käbir häkimiýet wekilleri, raýatlara passport almak üçin zerur kagyzlaryň berilmeýändiginiň sebäplerini düşündirip, adamlaryň ýurduň daşyna gidýändigini aýtdylar.

Hususan-da Lebap welaýatynyň häkiminiň “esassyz dokument bermeli däl, diýip ýörite tabşyryk” berendigini Serdarabat etrabynyň Nobat Gutlyýew geňeşliginiň arçyny Behije Hojaýewa ýakynda ýerli ýaşaýjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daşary ýurtlara okuwa ýa gezelenje gitmek isleýän raýatlar çakylyk hatyny getirmeli.

Şol bir wagtda-da Türkmenistandaky migrasiýa prosessleri, şol sanda raýatlaryň ýurduň daşyna gidýän raýatlaryň sany resmi derejede köpçülige ýetirilmeýär.

Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň” maglumatynda “Türkmenistanyň daşyna söwda, iş we okuw üçin gidýanleriň sany döwlet syry hasaplanýar”, diýen pikir orta atylýar.
XS
SM
MD
LG