Sepleriň elýeterliligi

Himiýa boýunça Nobel baýragy amerikan alymlaryna berildi


Çarşenbe güni himiýa boýunça ýylyň Nobel baýragynyň amerikaly alymlar Robert Lefkowis bilen Braýn Kobilka berilýändigi yglan edildi.

Maglumata görä, bu iki alyma olaryň organizmdäki öýjükleriň daşarky signallara jogap bermegine ýardam edýän beloklary öwrenmekde eden açyşlary üçin Nobel baýragyny bermeklik karar edilipdir.

Olaryň bu ugurda eden açyşlarynyň geljekde alymlara has effektiw dermanlary döretmäge mümkinçilik berjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG