Sepleriň elýeterliligi

“Toýota” näsazlyk sebäpli 7.5 million maşyny yzyna almakçy


Çarşenbe güni Ýaponiýanyň “Toýota” kompaniýasy öz öndüren ýeňil maşynlarynda ýüze çykarylan tehniki näsazlyk sebäpli 7.5 milliona golaý maşyny yzyna alýandygyny mälim etdi.

Bu kompaniýanyň maglumatyna görä, maşynlaryň elektrik sistemasyndaky tehniki näsazlyk 2005-nji ýyl bilen 2010-njy ýylyň aralygynda öndürilen “Toýota” kysymly maşynlaryň käbir görnüşlerinde ýüze çykarylypdyr.

Bu ýeňil maşynlaryň aglabasynyň Birleşen Ştatlarda, Hytaýda we Ýewropada satuwa çykarylandygy aýdylýar. Şonça maşynda näsazlygy düzetmek çäresiniň “Toýota” kompaniýasy üçin näçe çykdaja durjakdygy barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG