Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Ýaş oglanyň ölüminde polisiýa işgärleri güman edilýär


Çarşenbe güni Özbegistanyň bir ýerli resmisi ýurduň günortasyndaky Şährisabz etrabynda bir ýaş oglanyň ýenjilip öldürilmeginde güman edilýän birnäçe polisiýa işgäriniň tussag edilendigini mälim etdi.

Öz adynyň tutulmagyny islemedik bu resminiň sözlerine görä, 18 ýaşly Nawruz Islamowyň ölüminde güman edilip, jemi 24 adam, şol sanda ençeme polisiýa işgäri-de soraga çekilipdir we olardan käbirleri eýýäm tussag astyna alnypdyr.

Käbir ýerli ýaşaýjylar Nawruz Islamowyň pagta meýdanynda özüni erbet duýansoň, pagta meýdanyny terk etmekçi bolanda, onuň polisiýa işgärleri tarapyndan saklanyp, şol işgärler tarapyndanam ýenjilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG