Sepleriň elýeterliligi

Putin Yragyň premýer-ministri bilen gepleşik geçirýär


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwa sapar edýän Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde Orsýet bilen Yragyň özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri maslahat ediler diýlip garaşylýar.

Bu wakanyň öňýany Orsýetiň mediasy Moskwanyň Yraga umumy bahasy 4.2 milliard dollarlyk ýarag satmagy barada özara ylalaşyga gelnendigini habar berdi.

Yraga satyljak ýaragyň hatarynda harby wertolýotlaryň we howa gorag sistemasynyň-da bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG