Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Sud ýerli raýata terrorizmde 10 ýyl tussaglyk berdi


Çarşenbe güni Gazagystanyň Atyrau şäheriniň sudy bu şäheriň ýaşaýjysy Aýdos Kusanowy terrorizmde aýyplap, ony 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şäher prokuraturasynyň metbugat sekretary çarşenbe güni žurnalistlere beren interwýusynda Aýdos Kusanowyň terror toparynyň işine gatnaşanlykda, oňa maliýe goldawyny berenlikde we bikanun ýarag saklanlykda günäli tapylandygyny mälim etdi.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Günbatar Gazagystanyň şu Atyrau oblastynda howpsuzlyk güýçleri yslamçy ekstremistler diýlip hasaplanylýan adamlara garşy birnäçe operasiýa geçirdiler.

Sentýabr aýynda geçirilen operasiýalarda polisiýa güýçleri şu oblastyň Atyrau şäherinde dört adamy, Kulsary şäherinde bolsa bäş adamy öldürdiler.
XS
SM
MD
LG