Sepleriň elýeterliligi

“Pussy Riot” toparynyň bir agzasy şertli ýagdaýda boşadyldy


Çarşenbe güni Moskwanyň şikaýat sudy “Pussy Riot” toparyna agza üç gyzdan birini girew esasynda tussaglykdan boşatmaklygy karar etdi. Şikaýat sudy beýleki iki gyza berlen iki ýyl türme tussaglygyny öz güýjünde galdyrdy.

Ýakynda, awgust aýynda Moskwanyň sudy bu üç gyzy dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda aýyplap, olaryň her birine iki ýyl türme tussaglygyny beripdi.

Olar şu ýylyň başynda Moskwadaky prawoslaw kelisesinde prezident Putine garşy kinaýaly protest çykyşyny gurnanlarynda, tussag edilipdiler. Bu aktiwist gyzlaryň tussag edilmegine ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler we toparlar ýiti reaksiýa bildirdiler.

Wladimir Putin geçen hepde bu barada eden çykyşynda “ahlak gymmatlyklaryna kast ediji we ýurda zyýan ýetiriji” bular ýaly synanyşyklaryň jezalandyrylmalydygyny aýdyp, bu gyzlara berlen jeza çäresini goldaýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG