Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek


Raşid Şerifiň çeken karikaturasy (Guş).
Raşid Şerifiň çeken karikaturasy (Guş).

Türkmen ýazyjylarynyň degişme-ýomaklary

Zooparka jaň ediň!

Belli edebiýat tankytçysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty (eýesi) merhum Saýlaw Myradow özüniň hakyky dostlaryna özüçe lakam dakýardy. Ol özüniň deň-duşy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewe “Äýneklije maýmyn” diýip ýüzlenýärdi.

Bu şowakörligi üçin ýaşlykdan äýnek dakynýan Hudaýberdi bilen özara degişmesidi. Hudaýberdi ony özüniň hakyky ady hökmünde kabul edýärdi. Saýlawyň bu sözüne hezil edip gülerdi. Günlerde bir gün Saýlaw agşamara Hudaýberdiniň öýüne jaň edýär. Telefon trubkasyny Hudaýberdiniň ýetginjek ogly Şöhrat göterýär. Saýlaw öňki kadasyna eýerip,oňa:

— Äýneklije maýmyny telefona çagyr – diýýär.

Kakasynyň bu lakamyndan bihabar Şöhrat:

— Bu “Ýaş kommunist” gazetiniň baş redaktory Hudaýberdi Diwangulyýewiň öýi. Äýneklije maýmyn gerek bolsa zooparka (haýwanat bagyna) jaň ediň – diýip, Saýlawa çaga kalbynyň sadalygy bilen maslahat beripdir.

Naskeş

Belli ýazyjy, filosof Hudaýberdi Durdyýew 20-nji asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň başlygydy. Ol aşa sowatly, ýokary medeniýetli şahsyýetdi. Bisowat, körzehin adamlar babatda “Naskeş” diýen sözi ulanýardy. Ol bu sözi “Nas atýan” manysynda däl-de “Durmuşdan yza galan”, “Medeniýetsyz adam” diýen manyda ulanýardy.

Bir gezek Ýazyjylar birleşiginde bolan ýygnakda ol “Naskeşiň derejesinden ýokary galalyň! Il-güne aň-düşünjäniň, medeniýetliligiň nusgasy bolup hyzmat edeliň! Naskeşlikden saýlanalyň!” diýip çykyş etdi. Bu gürrüňi özüne çeken körzehin ýazyjynyň biri:

— Men nasy pedagogik uçilişede okaýan wagtym, raýon (etrap) gazetinde işleýän wagtym atdym. Paýtagta işe gelemden soňra nas atmagy bes etdim. Sen nämüçin köne saman agtarýaň? Üstüňden göni Gorbaçýowa ýazaryn – diýip, goh etdi.

Bu haýýarlyga lapy keç bolan Hudaýberdi Durdyýew oňa hiç hili jogap bermedi. Ýygnak tamamlanandan soňra meni ýanyna çagyryp:

— Amanmyrat, nas satylýan ýeri tap, maňa biraz nas getirip ber! Bu naskeşleriň arasynda nas atyp, dymyp oturan ýagşy – diýdi.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG