Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda garaşsyzlyk döwründe gurlan, mermer bilen örtülen teatrlaryň ählisinde tomaşaçylar üçin teatr sungatyndan lezzet almaga amatly şertler döredilen. Emma teatr oýunlaryna höwes bilen tomaşa edýänleriň sany teatrlara mejbury ýagdaýda barýanlaryň sanyndan köp däl ýaly görünýär.

Türkmenistanda 11 sany teatr bar. Olaryň 6-sy paýtgat Aşgabatda ýerleşýär. Ýurduň her bir welaýat merkezinde hem täze teatrlar guruldy. Ýurtdaky teatrlaryň 9 sanysy drama, komediýa we sazly teatrlar bolup, galan 2-si çagalar we ýaş tomaşaçylar teatrlarydyr.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry. Aşgabat, 2012.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry. Aşgabat, 2012.

Teatrlaryň käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, teatrlardaky oýunlaryň tomaşaçysyz geçýän wagty seýrek duş gelýän ýagdaý. Emma olar bu tomaşaçylaryň arasynda teatr sungatynyň hakyky muşdaklarynyň azdygyny hem belläp geçýärler.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, teatrlaryň oýunlaryna tomaşa etmäge gelýänleriň aglabasy mejbury tomaşaçylar.

"Döwlete degişli edara-kärhanalarda ýörite teatrlaryň biletleri ýaýradylýar. Biletleri mejbury-meýletin satyn alýan edara-kärhanalaryň şol işgärleri-de teatrlaryň tomaşaçylarynyň esasy bölegi" diýip, aşgabatly medeniýet işgäri aýdýar.

Onuň bu sözlerini döwlet edarasynda işleýän 38 ýaşly Ykbal hem tassyklaýar: "Biziň edaramyzda arada Alp-Arslan adyndaky teatryň biletleri satyldy. Dogry, bu biletleriň käbirlerini öz islegi boýunça satyn alanlar hem boldy. Emma olaryň agalaba bölegini mejbury tomaşaçylar aldylar".

Teatrlaryň biletlerini paýtagtyň orta mekdeplerinde ýaýratmak praktikasy hem giňden ulanylýar. Hatda şol biletleriň köpüsiniň ulular üçin teatr oýunlarynadygyna garamazdan, olaryň okuwçylara satyn aldyrylýandygyny Aşgabadyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy Aýnabat gürrüň berýär.

"Her klasa belli bir möçberde biletler berilýär. Klas ýolbaşçylar şol biletleri okuwçylaryna hökman satyn aldyraýmaly. Ýogsam, aýlygyňdan satylmadyk biletleriň puluny tölemeli bolýar" diýip, Aýnabat bu “söwdanyň” mekdebiň müdiriniň berk gözegçiliginde amala aşyrylýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň statistika baradaky Döwlet Komitetiniň ýyllyk statistika ýygyndysynda teatrlaryň sany baradaky resmi maglumatlary. Aşgabat, 2012.

Türkmenistanyň statistika baradaky Döwlet Komitetiniň ýyllyk statistika ýygyndysynda teatrlaryň sany baradaky resmi maglumatlary. Aşgabat, 2012.

​Aşgabadyň orta mekdebiniň 3-nji klas okuwçysy Mekan ýakynda klas bolup teatra gidendiklerini aýdýar. Bu onuň teatra ilkinji gidişi däl eken. Ol eýýäm 8 gezek teatra gidip görüpdir. Ondan haýsy teatra gitdiňiz diýlip soralanda, ol “Puşkin teatryna” diýip jogap berdi, emma ol haýsy oýna tomaşa edendikleri baradaky sowala jogap berip bilmedi.

Ýöne, muňa garamazdan, Mekanyň kakasy Aýmyrat oglunyň teatra gidenliginden hoşal: "Çagalar teatr sungaty bilen tanyşýarlar. Özümiziň-ä elimiz degenok. Iň bolmanda çagalarymyz bir baryp görsün".

Emma Aýmyradyň aýaly Akgül adamsynyň bu hoşallygyny deň paýlaşyp bilmeýär. Öýüň hojalyk ýüki onuň gerdeninde bolansoň, onuň üçin oglunyň teatra gitmegi maşgala býujeti üçin artykmaç çykdajy.

"Mekdep remonty, mekdep esbaplary, her aý klasyň harajatlary üçin we şuňa meňzeş beýleki çykdajylary goşsaň, teatr üçin goşulýan 3 manat agram salýar. Özi-de mekdepde okaýan iki oglum we çagalar bagynda terbiýelenýän gyzym üçin şular ýaly çykdajy etmeli bolýandygyny göz öňünde tutmaly" diýip, Akgül aýdýar.

Garaşsyzlyk döwründe ýurtdaky ähli teatrlar ýaňadan guruldy. Döwlet býujetinden bu maksatlar üçin ummasyz daşary ýurt walýutasy harç edildi. Resmi metbugatda bolsa bu iş ýurtda teatr sungatynyň ösmeginiň alamaty hökmünde wasp edilýär. Emma aşgabatly medeniýet işgäri bu garaýyş bilen ylalaşmaýar.

"Döredijilik erkinligi bolmasa, hiç hili sungat ösüp bilmeýär. Häzir teatrlarda goýulýan oýunlar hakyky durmuşdan üzňe. Bu oýunlarda geçen ýyl Galkynyş zamanasy wasp edilen bolsa, indi Bagtyýarlyk döwri wasp edilýär. Adamlara bolsa bular ýaly oýunlar ýaranok. Şonuň üçin mejbury tomaşaçylar bilen teatrlar doldurylýar" diýip, aşgabatly medeniýet işgäri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Paýtagtyň teatrlarynyň öňünde oýunlara tomaşa etmäge garaşyp duran adamlary görmek seýrek ýagdaý däl. Emma üýşüp duran bu adamlaryň arasynda, kinofilmlerdäki ýaly, artykmaç bilet soraýan adamlar duş gelenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG