Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly ýetginjek gyz "Talybana" garşy mert durdy


Malala Ýusufzaý "Talybanyň" Pakistanda gyzlara bilim aldyrmajak bolup edýän berk basyşlary barada BBC-niň Urdu gullugyna atsyz gündelik ýazgylaryny ýazyp başlanda entäk ýaňy 11 ýaşyndady.

Häzir 14 ýaşyna ýeten bu gyzjagaz ýurduň ähli künjeginde aşa berk yslamçy toparlaryň öz regionyndaky täsirine garşy edýän batyrgaý çykyşlary bilen giňden tanalýar. 9-njy oktýabrda klasdaş gyzlar bilen köpçülik ulagyna münjek bolup duran mahallary olara hüjüm edilip, oka tutulandan soň Malala hassahana ýerleşdirildi.

Demirgazyk-günbatardaky Swat etrabynyň iň uly şäherleriniň biri bolan Mingora şäherinde birnäçe sagatlap dowam eden atyşykdan soň Pakistandaky "Tehriki Talyban" topary atyşygy özleriniň gurnandygyny aýdyp, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Ýusufzaýynyň "Talybanyň" häkimiýeti astyndaky mekdep okuwçysy hökmünde durmuşa bolan garaýyşlary 2009-njy ýylyň ýanwar aýynda internetde neşir edilip başlandy. Pakistand "Talyban" 2003-nji ýyldan bäri Owganystan bilen araçäge ýakyn bolan Swat etrabynda öz hökümini ýöredýär.

“Gül Makai” tahallusy bilen ýazyp başlan Ýusufzaý "Talybanyň" gyzlaryň bilim almagyna garşy girizen gadagançylyklarynyň bir bölegi hökmünde Swatdaky mekdepleri ýapmak buýruklary barada öz garaýyşlaryny beýan etdi. Onuň kakasy Zaiuddin Ýusufzaý, "Talyban" ýapmaga mejbur edýänçä, gyzlaryň okaýan hususy mekdebiniň eýesidi.

Şol bir wagtyň özünde "Talybanyň" gözegçiligindäki ýerlerde ýaşaýan 50.000-e golaý pakistanly gyzlar mekdebe gitmekden ýüz öwürmäge mejbur edildi.

"Talybanyň" ýaraglarynyň döredýän howpy

Ýusufzaý özüniň hem-de synpdaş gyzlarynyň "Talyban" ýaraglarynyň döredýän howpy zerarly bilimsiz galýandyklaryna gynanç bildirip, 2009-njy ýylyň 8-nji fewralynda şeýle ýazdy: “Men şkafymy açyp, ol ýerde mekdebe geýýän eşiklerimi, göterýän sumkamy we geometriýa gutujygymy görenimde, ýüregim jigläp gidýär. Oglanlaryň mekdebi ertir açylýar. Ýöne "Talyban" hereketi gyzlaryň bilim almagyny gadagan etdi. Mekdep hakyndaky ýatlamalarym, aýratynam gyzlar bilen eden gürrüňdeşliklerim özümdenem öň ýyldyrap söndi.”

Ýusufzaýyň gündeligi Swatdaky "Talyban" meýletinçileriniň şäheriň ýaşaýjylaryny öldürip, mekdep binalaryny (aýratynam gyzlaryň okaýan mekdeplerini) ýykan-ýumran edişleri bilen baglanyşykly ýerli çagalaryň gorky-ünjüleri barada. Şeýle-de ol iň soňunda özüniň synpdaşlary bilen bir hatarda maşgalasy bilen Swat sebitinde bolan uruşdan nädip gaçyşlaryny hem gürrüň berýär. Bu çaknyşykdan soň pakistan hökümeti "Talybana" garşy 12.000 esger ýollady.

Pakistanyň hökümet goşunlary Swatda häkimiýeti gaýtadan öz eline alansoň, Ýusufzaýyň hakykatda kimdigi dünýä äşgär boldy.

Puştun, urdu we iňlis dillerinde suwara gürläp bilýän mert hem gönümel gyz ”Talybanyň” kontrollygynda gorkynyň näderejede durmuşyň her bir ugruna siňendigini hem pakistan mediasyna hem-de daşary ýurt mediasyna aç-açan gürrüň berdi.

Parahatçylyk boýunça Döwlet sylagy

2011-nji ýylyň soňlarynda Pakistanyň hökümeti Ýusufzaýy ýaşlaryň arasynda “Parahatçylyk Döwlet sylagy” bilen sylaglady. Şeýle-de ol çagalaryň arasynda “Halkara Parahatçylyk sylagyna” kandidatlyga hödürlenen ilkinji pakistanly gyz boldy. Bu baýraga onuň kandidaturasyny hödürlän - Günorta Afrikadan Parahtçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty Desmunt Tutu.

Ýusufzaýy entek sylagy alyp ýetişmedigem bolsa, 2011-nji ýylyň soňlarynda Azatlyk Radiosyna degişli Maşal Radiosyna bu baýraga kandidat görkezilmeginiň özi üçin “beýik mertebedigini” gürrüň berdi: “Ilkinji sapar pakistanly ýaş çaga bu sylaga kandidat görkezilýär. Bu Pakistan üçin buýsançdyr. Men hem şat, sebäbi, bu meniň ýurdum üçin mertebedir” diýip, ol aýtdy.

Halkara medianyň üns merkezindäki Ýusufzaý özüniň Pakistanda haçanam bolsa bir gün gyzlaryň bilim almak hukugyny öňe sürjek syýasy partiýa döretmek arzuwynyň bardygyny hem mälim etdi: “Pakistanyň halkyny şeýle bir galkyndyryp biljek ýolbaçy bolasym gelýär. Munuň bilen bir hatarda, nähili ýol bilen bolsa-da, meniň adamzada hyzmat edesim gelýär”.

Ýusufzaýy mart aýynda “Newsweek” žurnalynyň pakistan neşirinde çap edilen “meşhur 100 zenan” atly sanawyna girizildi.

Elbetde, Ýusufzaýyň meşhurlygy we onuň blog ýazgylary milli we halkara derejede Pakistanyň bilim baradaky meselelerine ünsi çekdi. Emma şol bir wagtyň özünde bu pakistanly "Talybanlaryň" hem degnasyna degdi. Pakistandaky "Tehriki Talybanyň" bir wekili mart aýynda Azatlyk Radiosyna Malala Ýuzufzaýy özleriniň “gara sanawyna” girizendiklerini gürrüň berdi.

Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwaiz Aşraf edilen hüjümi näletläp, Ýusufzaýy “Pakistanyň gyzy” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland hüjümi “terrorçylyk” we “namartlyk” diýip häsiýetlendirdi.

BMG-niň ýaragly çaknyşyklardaky çagalaryň ýagdaýy boýunça aýratyn wekili Leila Zerrougui edilen hüjümi “iň berk sözler” bilen näletledi.
XS
SM
MD
LG