Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Türkiýeden düşündiriş talap edýär


Moskwadan Damaska uçup barýan üsti 37 sany ýolagçyly uçaryň Ankaranyň aeroportuna gondurylan pursady. Ankara, 10-njy oktýabr, 2012.

Moskwadan Damaska uçup barýan üsti 37 sany ýolagçyly uçaryň Ankaranyň aeroportuna gondurylan pursady. Ankara, 10-njy oktýabr, 2012.

Orsýetiň hökümeti Moskwadan Damaska uçup barýan uçaryň çarşenbe güni Türkiýede gonmaga mejbur edilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça Ankaradan düşündiriş talap edýär.

Bu barada Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň penşenbe güni ýaýradan beýanatynda Moskwadan uçup barýan üsti 37 sany ýolagçyly Siriýanyň ýolagçy uçarynyň gonmaga mejbur edilmeginiň “ondaky ýolagçylaryň janyny we howpsuzlygyny howp astynda goýandygy” aýdylýar.

Beýanatda bu uçardaky 17 sany orýetli raýata Orsýetiň diplomatik işgärleri bilen duşuşmaklyga-da ýol berilmändigi bellenilýär.

Türkiýäniň üsti bilen harby ýük alyp barýanlykda güman edilip, Ankaranyň aeroportuna gondurylan bu uçara çarşenbe güni giçlik ondaky ýüklerden belli bir bölegi alnyp galnandan soň, uçmaga rugsat berildi.

Nähili esas bar?

Türkiýäniň transport ministri Binaly Ýyldyrym uçardan konfiskasiýa edilen bu ýüküň halkara kanunçylygyna we düzgünlerine görä graždan awiasiýasy üçin “laýyk gelmeýän ýükdügini” aýtdy.

Emma Siriýanyň transport ministri Mahmud Said Türkiýäniň amala aşyran bu çäresiniň howa garakçylygyna meňzeýändigini aýdyp, munuň graždan awiasiýasy baradaky halkara şertnamalaryna garşy gelýändigini öňe sürdi.

Türkiýäniň käbir habar serişdeleriniň resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlarynda ýolagçy uçaryndan konfiskasiýa edilen ýükleriň ýarag kategoriýasyna degişli bolmadyk radio enjamy ýaly ýüklerden ybaratdygy aýdylýar.

Orsýetiň Ankaradaky konsuly Ýelena Kara-Sal konfiskasiýa edilen ýüküň Orsýete degişli ýük däldigi barada-da özünde maglumatyň bardygyny aýtdy.

Orsýetiň harby eksportlary bilen baglanyşykly şertnamalaryny ýerine ýetirýän “Ros-oboron-eksport” kompaniýasy hem özüne degişli hiç bir hili ýüküň bu ýolagçy uçaryna ýüklenmändigini tassyklaýar.

Gatnaşyklar has-da dartgynlaşdy

Geçen hepde Siriýanyň territoriýasyndan atylan snarýad oklaryndan Türkiýäniň serhet ýakasynda bäş sany türk raýatynyň ölmegi bilen baglanyşykly wakadan soň goňşy ýurtlar bolan Siriýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlylyk has-da güýçlendi.

Bu hüjümlere jogap edip Türkiýe-de Siriýanyň territoriýasyna snarýad oklaryny atdy.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Türkiýäniň baş ştabynyň komanduýuşisi general Nejdet Özel Siriýadan Türkiýäniň territoriýasyna snarýad oklarynyň atylmagynyň dowam eden halatynda öz goşunlarynyň Siriýa garşy has güýçli gaýtawul berjekdigi bilen duýduryş berdi.

Türkiýe geçen ýyl Siriýa garşy ýarag embargosyny girizipdi. Mundan daşary, soňky günler Türkiýäniň häkimiýetleri bu ýurduň ýolagçylaryna Siriýanyň üstünden uçýan uçarlardan peýdalanmazlygy-da maslahat berýärler.

Siriýada dowam edýän konfliktleriň fonunda Orsýet BMG-niň Siriýa babatda kabul etmekçi bolýan käbir tutanýerli rezolýusiýalaryna weto goýmak arkaly, prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň arkasyny tutup gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG