Sepleriň elýeterliligi

Edebiýat boýunça Nobel baýragy yglan edildi


2012-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy Hytaýly ýazyjy Mo Ýana berildi.

Penşenbe güni Stokgolmda baýragyň gowşurylyş dabarasynda Şwesiýanyň Akademiýasy Monyň eserlerini “gallýusinogen realizm’ atlandyrdy. Monyň 2009-njy ýylda Hytaýda çap bolan “Gurbagalar” atly soňky eseri Hytaýyň hökümetini bir çagalylyk syýasaty üçin ýazgarýar.

Nobel baýragynyň mukdary 1.2 million dollara barabar. Şu hepdäniň başynda Birleşen Ştatlaryň alymlary Robert Lefkowitz we Dawid Wineland himiýa boýunça Nobel baýragyna eýe boldular. Şeýle-de fizika we medisina boýunça Nobel baýraklary gowşuryldy.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy 12-nji oktýabrda yglan ediler.

Bu abraýly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Alfred Nobeliň ýogalan güni tamamlanar. Nobel 1896-njy ýylda ýogaldy.
XS
SM
MD
LG