Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň prezidenti habar serişdelerini jogapkärçilige çagyrdy


Nursoltan Nazarbaýew global derejede maglumatlaryň elýeterliliginiň we açyklygyň giňelýän döwründe habar beriş serişdeleriniň ahlak taýdan jemgyýetiň öňünde has jogapkär bolmagynyň talap edilýändigini belledi.

Gazagystanyň prezidentiniň bu çagyryşy penşenbe güni Astanada geçirilen Ýewraziýanyň mediýa forumynda okaldy.

Guramaçylaryň sözlerine görä, iki günlük bu çäre dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 450 wekiliň gatnaşmagynda geçirilýär.

Forumyň gün tertibindäki meseleleriň arasynda Arap baharynyň regiona täsiri we “ýewropa ýurtlarynyň köp medeniýetli syýasatynyň şowsuzlygy” ýaly temalar gozgalar.

Gazagystan Ýewraziýanyň mediýa forumyny 2001-nji ýylda Gündogar we Günbatar arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy yola goýmak maksatly esaslandyrypdy.
XS
SM
MD
LG