Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Türkiýeden uçaryň saklanmagyna düşündiriş talap etdi


Orsýet türk häkimiýetlerini Moskwadan Damaska barýan Siriýanyň graždan uçarynyň näme sebäpden saklanandygyny düşündirmäge çagyrdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň penşenbe güni aýtmagyna görä, türk resmileri Orsýetiň diplomatik işgärlerini sekiz sagadyň dowamynda uçaryň içinde saklanan 17 sany orsýet raýatynyň ýanyna goýbermändir.

Hepdäniň çarşenbe güni agşam, bu uçaryň ýüküniň bir bölegi alynansoň, oňa Ankaranyň aeroportundan uçmak rugsat berilipdi. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, alynan ýüküň arasynda harby aragatnaşyk enjamlary bolupdyr.

Siriýanyň hökümeti Türkiýäni “howa garakçylygynda” aýyplady.

Türkiýe geçen ýylda Siriýa babatynda ýarag gadagançylygyny girizdi. Geçen hepdede Siriýa tarapyndan ok atylyp, türkiýeli bäş parahat adam heläk bolansoň iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlylyk hasam güýçlendi.
XS
SM
MD
LG