Sepleriň elýeterliligi

Daşkent we Waşington neşä garşy bile göreşerler


Özbegistanyň Içeri işler ministrligi ABŞ-nyň neşä gözegçilik boýunça edarasy bilen hyzmatdaşlyk barada memoranduma gol çekendigini habar berdi we muny neşe gaçakçylygyna hem neşekeşligiň ýaýramagyna görşy göreşmek maksady bilen düşündirdi.

Özbegistanyň Neşä gözegçilik boýunça milli informasion merkeziniň maglumatyna görä, geçen ýylda ýurtda bäş ýarym müň kilogram neşe ele salnypdyr. Bu, 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 800 kilogram köp.

Özbek häkimiýetleri Owganystanda öndürilýän neşe serişdeleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstünden Orsýete, soň Günbatar döwletlerine bikanun ýollar bilen aşyrylýandygyny aýdýarlar. Geçen ýylda Özbegistanda neşe bilen bagly jenaýatçylyklarda şübhelenen 107 daşary ýurtly tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG