Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al” Hytaýda öýlerinden zor bilen çykarylýan adamlaryň köpelýändigini aýdýar


Ynsan hukuklaryny goraýjy "Amnesty International" guramasynyň maglumatyna görä, hytaý häkimiýetleri tarapyndan edilýän şeýle hereketler öňküsinden has köpelipdir.

Gurama adamlaryň öýlerinden mejbury çykarylmagynyň sosial we syýasy durnuklylyga wehim salýandygyny belleýär.

Adamlaryň öýlerinden zor bilen çykarylmagy Hytaýda köpden bäri dowam edip gelýän ýagdaý, täze gurluşyklar sebäpli millionlarça adam oturan ýerlerinden göçürilýär.

“Amnesty International” guramasynyň penşenbe güni ýaýradan hasabatynda soňky üç ýylyň dowamynda şeýle wakalaryň köpelendigi aýdylýar, bu ýagdaý global maliýe krizisy döwründe Hytaýda başlanan ägirt uly gurluşyklar bilen baglaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG