Sepleriň elýeterliligi

Britan aýdymçysy Sara Braýtman Orsýetiň kosmos turisti bolar


Sara Braýtmanyň aýtmagyna görä, ol Orsýetiň kosmiki gämisinde kosmosa uçmak üçin ýer satyn alypdyr. Aýdymçy çagalygyndan galan iň güýçli arzuwyny durmuşa geçirmek isländigini habar berdi.

52 ýaşly Braýtman meşgur aýdymlary we soprano sesi bilen tanymal.

Kosmos turistleriniň halkara kosmos stansiýasyna soňky uçuşy 2009-njy ýylda bolupdy. Şonda Fransiýanyň meşgur “Dýu Soleýl” sirkiniň esaslandyryjysy Gaý Lilbert kosmosa syýahat edipdi.
XS
SM
MD
LG