Sepleriň elýeterliligi

BMG gyz çagalaryň durmuşa çykarylmagynyň öňüni almaga çagyrdy


Birleşen Milletler Guramasy dünýäniň ähli künjeklerinde bu ugurdan tagallalaryň güýçlendirilmelidigini belledi.

Guramanyň düzümündäki edaralaryň ençemesi gyz çagalaryň durmuşa çykarylmagyny “ynsan hukuklarynyň düýpli bozulmagy”, diýip penşe güni yglan etdi we bu ýadaýyň gyzlaryň durmuşyna “ählitaraplaýyn täsir ýetirýändigini” aýtdy.

Guramalaryň gyz çagalaryň halkara gününiň birinji ýyldönümini belläp ýaýradan beýannamasynda durmuşa ir çykarylýan gyzlaryň köplenç hojalykda hem jyns taýdan gulçulyga sezewar edilýändigi, olaryň saglyk we bilim taýdan hukuklarynyň depelenýändigi bellendi.

Kabulda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Jan Kubis Owganystany gyz çagalaryň durmuşa çykarylmagyna garşy göreşmäge çagyrdy.

Ýylda 18 ýaşyna ýetmedik 10 milliona golaý gyzyň durmuşa çykarylýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG