Sepleriň elýeterliligi

"Talybanyň" tüpeňlän gyzy global simwola öwrüldi


Pakistanda jemgyýetiň dürli dini we syýasy gatlagyndan bolan pakistanlylar hüjüme gahar bildirmek üçin birleşýärler.

Pakistanda jemgyýetiň dürli dini we syýasy gatlagyndan bolan pakistanlylar hüjüme gahar bildirmek üçin birleşýärler.

Dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasy, her ýylyň 11-nji oktýabryny "Gyz çagalaryň halkara güni“ diýip yglan edende, gyzlaryň hukuklaryny goramaklyga ünsüň gönükdirilmelidigini aýdypdy.

Şu gün, BMG-niň gününiň ilkinji gezek bellenýän wagty, Malala Ýusufzaýy global üns merkezinde boldy. Pakistanyň demirgazygyndaky Swat jülgesinde ýaşaýan 14 ýaşly mekdep okuwçysy Malala özüniň bilim almaklyk hukugyny gorandygy üçin şu hepde Pakistandaky "Talyban“ tarapyndan atylypdy.

Pakistanyň "Talybany“ (TTP) Malala Ýusufzaýynyň 11 ýaşyndaka BBC üçin ýazyp başlan gündelik ýazgylary bilen ýola goýan kampaniýasyny sem etmek isleýärdi. Emma, onuň tersine, olar gyzlaryň hukuklary boýunça halkara simwolyny emele getirdiler we Malalany dünýä tanatdylar.

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki baş edarasynda "Gyz çagalaryň halkara güni“ bellenende mekdep okuwçylary bolan gyzjagazlar Malalanyň suraty bilen "Gyzlary goraň!“ diýen ýazgylary göterdiler.

"Twitter" we "Facebook" ýaly sosial aragatnaşyk saýtarynda Malala batyrgaý gyz hökmünde suratlandyryldy.

Stuart Koles "Plan" atly halkara ösüş haýyr-sahawat guramasynyň metbugat wekili. Bu gurama çagalaryň bilim almak hukugy ugrunda 75 ýyldan bäri iş alyp barýar. Koles Malalyň başdan geçirenleriniň sosial media ýaň salandygyny aýdýar.

"Jemgyýetçilik bu elhenç waka boýunça juda gaharlandy. Meniň pikirimçe, ýalňyşlyk bilen, Malala dünýäde ençeme gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalarynyň we meseleleriniň mysalyna öwrüldi. Bu örän gynançly, tragiki wakadyr. Emma, hakykatdanam, bu waka bize dünýäniň birnäçe ýerinde gyzlaryň öz hukuklary we bilim almak hukuklary boýunça kampaniýa geçirmek bilen nähili howp we töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny ýatladýar" diýip, Koles aýdýar.

11-nji oktýabrda UNICEF Twitterde: "Şu gün biziň pikir-oýumyz gyzlaryň hukuklary boýunça 14 ýaşly aktiwist Malala Ýusufzaýy bilendir" diýip ýazdy.

Bu aralykda, Pakistanyň mediasynyň aýtmagyna görä, lukmanlar Malalanyň kellesinden geçip, omzuna giren oky çykaranlaryndan soň, ol Rawalpindidäki keselhana ýerleşdirilipdir.

Hökümete degişli bolmadyk "UN Watch“ atly gözegçi guramanyň ýerine ýetiriji direktory Hillel Neuer şu gün internet arkaly petisiýa ýaýradyp, Pakistanyň hökümeti "gyzjagazlary atýanlary togtadýança“, bu ýurda BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde orun bermezlik barada çagyryş etdi.

Pakistanda sosial aragatnaşyk websaýtlary Karaçide Malala üçin goldaw üýşmeleňini gurnamak üçin ulanylýar. Ýurduň ähli künjeklerinde, jemgyýetiň dürli dini we syýasy gatlagyndan bolan pakistanlylar hüjüme gahar bildirmek üçin birleşýärler.

Pakistanly syýasatçylar bu hüjümi ýazgarýarlar, synçylar bolsa bu tragediýanyň Pakistanyň "Talyban" hereketine garşy jemgyýetiň pikirini güýçlendirip, olara garşy giň gerimli harby operasiýalaryň ýola goýulmagyna getirip bilmek ähtimallygy barada ýazýarlar.

Eger-de bu başa baraýsa, Yslamyň radikal ýörelgelerini zor bilen ornaşdyrmak üçin mekdep okuwçysyna çenelen "Talyban" tüpeňiniň yzlygyna atdygy bolar.
XS
SM
MD
LG