Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetdäki korrupsiýanyň kartasy çyzylýar


"Bribr" ulanyjylara öz bermeli bolan paralaryny mobil telefony arkaly hasaba almaga şert döredýär.

"Bribr" ulanyjylara öz bermeli bolan paralaryny mobil telefony arkaly hasaba almaga şert döredýär.

Orsýetde alnyp-berilýän paranyň interaktiw kartasyny göresiňiz gelýärmi?

Ýakyn günlerde ony aktiwistler tarapyndan internete mugtuna çykarylan täze smartfon programmasynyň üsti bilen görüp bilersiňiz.

Moskwaly 20 sany meýletinçi tarapyndan döredilen smartfon programmasy bolan "Bribr" ulanyjylara öz bermeli bolan paralaryny mobil telefony arkaly hasaba almaga şert döredýär. Soňra olar internetdäki interaktiw kartada awtomatiki usulda ýerleşdirilýär.

Ediljek zat şu: agzalýan karta Orsýetiň dokuz sany wagt zonasynda yzygiderli alnyp-berilýän paralaryň ählisi bir penjirede jemlener.

"Bribr" saýtynyň düýbüni tutan 25 ýaşly Ýewgeniýa Kuida munuň adamlary hasam habardar etjegine we korrupsiýa garşy jemgyýetçilik hereketine goşant goşjagyna umyt edýär.

"Esasy ideýa para meselesine ünsi güýçlendirmekden, bu ýagdaýa has köp gyzyklanma döretmekden ybarat" diýip, Kuida aýdýar. "Şol bir maglumaty hemişe adamlara ýetirip dursaň we olar hem muny görüp dursalar, onda olaryň garaýşy üýtgäp biler diýip ynanýarys".

Geçen hepde ulanyşa goýberileni bäri, programma 1.55 million rubla (50 müň dollara) barabar bolan para-peşgeşleri ýazga aldy. Orsýetdäki korrupsiýanyň möçberiniň her ýyl ýüzlerçe million dollara barýandygy çak edilýär.

"Bribr" saýtynyň görkezmegine görä, uniwersitete girmek üçin we çagalary çagalar bagyna bermek üçin berilýän paralaryň möçberi häzire çenli hasaba alnan paralaryň 70 prosentini emele getirýär. Polisiýanyň ýol gözegçilerine berilýän para 8.5 prosent.

Interaktiw kartadaky maglumatlaryň uly bölegi paýtagt Moskwadan berlen. Bu şäher Kremle garşy geçirilen protestleriň merkezi bolupdy. Bu protestlere tehnologiýadan başy çykýan ýaş nesiller hem gatnaşypdy.

Gündelik korrupsiýa orslaryň iň köp gaharyny getirýän meseleleriň biridir. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda bolandygy aýdylýan galplyklar ençeme moskwalylaryň köçelere çykmagyna, olaryň korrupsiýa garşy raýat hereketlerine goşulmagyna getiripdi.

Kuidanyň aýtmagyna görä, bu programmany döreden özi we 20 sany kärdeşi meýletin iş alyp barýarlar. Ol muňa şu ýyl raýat aktiwizminiň ýokarlanmagynyň alamaty hökmünde garaýar.

"Bu Orsýet üçin täze bir zatdyr. Men Moskwada mundan öň beýle zat görmedim: gündelik işleri bolan adamlar, professionallar, öz işiniň ussady bolan oglanlar, öz wagtlaryny bagş etmek isleýänler her hepde Moskwanyň merkezinde ýygnanyşyp, iki sagatlap duşuşyk geçirýärler" diýip, Kuida aýdýar.

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý Twitterde ýazan ýazgysynda bu programmany "ajaýyp" diýip atlandyryp, bu saýta çelgi berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG