Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Josef R.Baýdeniň gysgaça biografiýasy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef R.Baýden Çehiýa Respublikasyna sapary wagtynda Azatlyk Radiosyna interwýu berýär. Praga, 2009.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef R.Baýden Çehiýa Respublikasyna sapary wagtynda Azatlyk Radiosyna interwýu berýär. Praga, 2009.
Josef R.Baýden Birleşen Ştatlaryň häzirki wise-prezidenti. Ol 1942-nji ýylda Pensilwaniýa ştatynda doguldy. Onuň kakasy şol wagt biznesmen hökmünde iş alyp barýardy, ejesi öý-hojalykçydy.

Ol ilki Delawer ştatynyň uniwersitetinde okady, soňra-da Sirakýus uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady. Onuň ilkinji jemgyýetçilik karýerasy ýerli okrug geňeşiniň agzasy hökmünde başlapdy.

Josef Baýden 29 ýaşynda Birleşen Ştatlaryň Senatyna Delawer ştatyndan senator saýlanmak arkaly, bu ýurtda iň ýaş senatorlaryň biri hökmünde taryha girdi. Ol gaýtadan geçirilen saýlawlaryň yzly-yzyna bäşisinde ýeňiş gazanyp, jemi 36 ýyl senatorlyk etdi.

Ol şu döwrüň içinde daşary işler we kanunçylyk boýunça Komitetleriň işine-de ýolbaşçylyk etdi. Onuň aýaly doktor Jill Baýden kollejiň professory. Josef R.Baýden bilen Jill Baýdeniň kämillik ýaşyna ýeten üç çagasy bar. Şolardan biri Beu Baýden Yrakda gulluk eden harby weteran.
XS
SM
MD
LG