Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

W.Mitt Romniniň gysgaça biografiýasy


ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan prezidentlige dalaşgär W.Mitt Romni.
ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan prezidentlige dalaşgär W.Mitt Romni.
W.Mitt Romni ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan prezidentlige dalaşgär. Ol Miçigan ştatynyň Detroýt şäherinde 1947-nji ýylda doguldy.

Onuň kakasy Jorj W.Romni öz döwründe Miçigan ştatynyň gubernatory bolupdy hem-de Respublikan partiýasyndan bir gezek prezidentlige dalaşgär bolmak üçin öz kandidaturasyny hödürläpdi. Mitt Romniniň ejesi Lenore bir gezek ABŞ-nyň senatorlygy ugrunda bäsleşdi we bu bäsleşikde ýeňildi.

Mitt Romniniň maşgala daragty mormonlaryň dini hökmünde tanalýan we “Isa Mesihiň Kyýamat gününiň keramatlylarynyň ybadathanasy” diýlip atlandyrylýan dini akymyna degişli.

1966-njy ýylda “Brigam Ýang” adyndaky uniwersiteti tamamlandan soň, Mitt Romni 2.5 ýyllap Fransiýada mormonlaryň dini missioneri hökmünde iş alyp bardy. 1975-nji ýylda ol Garward uniwersitetiniň hukuk we biznes fakultetini tamamlady.

Mitt Romni we onuň aýaly Ann (sagda) Floridanyň Tampa şäherindäki konferensiýada gujaklaşýarlar. Florida, 28-nji awgust, 2012.
Mitt Romni we onuň aýaly Ann (sagda) Floridanyň Tampa şäherindäki konferensiýada gujaklaşýarlar. Florida, 28-nji awgust, 2012.
Iki ýyl soňra ol global konsalting firmasy bolan “Bain & Company” firmasynda işläp başlady. Mitt Romni bu firmada baş direktorlyk wezipesine çenli karýerany geçdi. Soňra-da ol “Bain Capital” ady bilen özüniň hususy aksioner firmasyny döredip, onuň egindeş başlygy boldy.

1994-nji ýylda ol ABŞ-nyň senatory Ted Kennedä garşy bäsleşdi, emma onuň ornuny eýelemegi başarmady. 2002-nji ýylda Mitt Romni Solt-Leýk-Siti şäherinde gurnalan Olimpiadada guramaçylyk işlerine ýolbaşçylyk etdi. 2003-nji ýylda bolsa ol Massaçusets ştatynyň gubernatory wezipesine saýlandy.

2007-nji ýylda Mitt Romni Respublikan partiýasyndan prezidentlige kandidat bolmak ugrunda dalaşdy, emma onuň bäsleşigi şowsuz gutardy. Mitt Romniniň şahsy kapitaly 200 million dollar diýlip hasaplanylýar. Mitt Romniniň we onuň aýaly Anniň kämillik ýaşyna ýeten bäş sany ogly bar.
XS
SM
MD
LG