Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pol D.Raýanyň gysgaça biografiýasy


ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan wise-prezidentlige kandidat Pol D.Raýan Respublikan partiýanyň gurultaýynda çykyş edýär. Florida, 29-njy awgust, 2012.
ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan wise-prezidentlige kandidat Pol D.Raýan Respublikan partiýanyň gurultaýynda çykyş edýär. Florida, 29-njy awgust, 2012.
Pol D.Raýan ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan wise-prezidentlige kandidat. Ol 1970-nji ýylda Wiskonsin ştatynda doguldy. Ol häzir Kongresin Wekiller Palatasynda 1-nji döwlet okrugyndan wekilçilik edýär.

Pol Raýanyň garry atasy Patrik Wilýam Raýan baryp 1884-nji ýylda bir gurluşyk kompaniýasyny döredipdi, ol kompaniýa şu günki gün hem öz işini dowam etdirýär. 1998-nji ýylda Wekiller Palatasyna saýlanmazyndan öň Pol Raýan bu kompaniýada işläpdi.

Ol Wekiller Palatasyna saýlananda iň ýaş deputatlardan ikinjisi bolupdy. Pol Raýan Maýaminiň uniwersitetini tamamlady we Kongrese deputat saýlanmazyndan öň ABŞ-nyň senatorlarynyň birnäçesiniň kömekçisi bolup işledi.

Pol Raýan yzly-yzyna alty gezek deputat saýlandy we häzirki wagt ol Wekiller Palatasynyň Býujet Komitetine ýolbaşçylyk edýär. Onuň aýaly Janna Littl adwokat hökmünde iş alyp barýar. Olaryň üç sany ýaş çagasy bar.
XS
SM
MD
LG