Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB kontinenti birleşdirýäni üçin Nobel aldy


Torbýörn Ýagland (Ç) ÝB-niň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolandygyny yglan edýär. Oslo, 12-nji oktýabr, 2012.
Torbýörn Ýagland (Ç) ÝB-niň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolandygyny yglan edýär. Oslo, 12-nji oktýabr, 2012.
2012-nji ýylyň Parhatçylyk boýunça Nobel baýragy, kontinenti birleşdirmekdäki uzak wagtlyk tagallasy üçin, Ýewropa Bileleşigine berildi.

Bu habar anna güni, Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Torbýörn Ýagland tarapyndan, Osloda yglan edildi:

“Bileleşik we onuň mirasdarlary altmyş ýyldan gowrak wagt bäri Ýewropada parahatçylygyň we ýaraşygyň, demokratiýanyň we adam hukuklarynyň dabaralanmagyna goşant goşdular” diýip, ol aýtdy.

Bu baýrak Ýewropa Bileleşigine öz taryhyndaky iň uly maliýe krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolan we agza döwletleriniň bir toparynyň çökgünlige düşen wagty berilýär.

Durnuklaşdyryjy rol

Norwegiýanyň Nobel komitetiniň beýanatynda Ýewropa Bileleşiginiň “çynlakaý ykdysady kynçylyklara we düýpli sosial tolgunyşyklara” gabat gelnen mahalynda oýnan “durnuklaşdyryjy” roluna üns bermekçi bolnandygy aýdylýar.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompeý Nobel baýragy bilen sylaglanmak bu Bileleşigiň “taryhdaky iň uly parahatçylyk dörediji” hökmünde ykrar edilmegi boldy diýdi.

Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şulz bolsa, “Ýewropa Bileleşigi Balkanlardan Kawkaza çenli aralykda demokratiýa we ylalaşyk üçin ugur görkeziji maýak bolup hyzmat edýär” diýdi.

Ýewropa Komissiýasynyň sözçüsi Pia Ahrenkilde Hansen Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde bu baýragy “ullakan arka kakma” diýip atlandyrdy.

“Häzirki wagtda, Ýewropa Bileleşiginiň ägirt uly sanaglara döz gelýän mahaly, biziň parahatçylyk proýektimiziň dünýäni ruhlandyrýandygynyň we munuň jahana umyt yşaratyny berip bilýändiginiň boýun alynmagy we ykrar edilmegi ajaýyp bir pursat boldy” diýip, ol aýtdy.

Uruşdan parahatçylyga geçiş

Norwegiýanyň Nobel komiteti Ýewropa Bileleşigi Ýewropa uruş kontinenti bolmakdan parahatçylyk kontinenti bolmaga geçmeklige ýardam berdi diýdi.

Komitet ÝB-niň Ikinji Jahan Urşundan soň, ýetmiş ýyl içinde üç gezek urşan Fransiýa bilen Germaniýanyň arasynda ýaraşyk baglaşylmagy ugrunda eden işlerine ünsi çekdi.

“Bu gowy maksatly tagallalar we ikitaraplaýyn ynam döretmek arkaly taryhy duşmanlary hem ýakyn hyzmatdaşlara öwrüp bolýandygyny görkezýär" diýip, beýanatda aýdylýar.

Komitet ÝB-ni 1980-nji ýyllarda, awtoritar režimleri ýykylandan soň, Ispaniýa, Portugaliýa we Gresiýa bilen eden hyzmatdaşlyklary üçin öwdi.

“Gündogar we Günbatar arasyndaky bölünişik aglaba ýagdaýda soňuna getirildi, demokratiýa güýçlendi, etniki esasdaky konfliktleriň köpüsi çözüldi» diýip, beýanatda aýdylýar.

Komitet ÝB-niň ýaraşdyryjy işiniň häzir Balkan ýurtlaryna geçendigini, Horwatiýanyň geljek ýyldan agzalyga alynmagy, Montenegro bilen agzalyk gepleşikleriniň açylmagy, Serbiýa kandidatlyk durumunyň kepillendirilmegi bilen, Balkanlarda ýaraşyk prosesiniň güýçlendirilendigini belleýär.
XS
SM
MD
LG