Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýe boldy


Parahatçylyk boýunça 2012-nji ýylyň Nobel baýragyna Ýewropa Bileleşigi eýe boldy.

Norwegiýanyň Nobel baýragy boýunça komitetiniň başlygy Torborn Ýaglandyň aýtmagyna görä, Ikinji Jahan urşundan soň ‘Ýewropanyň birleşdirilmegi” ugrunda goşan taryhy goşandy üçin Ýewropa Bileleşigi bu baýraga mynasyp bolupdyr.

Ýewropa Bileleşigi “Ýewropanyň parahatçylyk kontinentine öwrülmegine ýardam berdi” diýip, Ýagland aýtdy we dürli formadaky 60 ýyllyk taryhynda ÝB Ýewropada demokratiýa we adam hukuklaryny goramaga goşandyny goşdy diýdi.

Mundan ozal, şu hepdäniň dowamynda fizika, himiýa, medisina we edebiýat boýunça Nobel baýragynyň laurýatlary yglan edildi.
XS
SM
MD
LG