Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada işsizlik rekord derejä ýetdi


Gresiýada işsizligiň derejesi iýul aýyndakydan galyp, 25.1 prosente ýetdi. Resmi statistika laýyklykda, Gresiýada maliýe krizisiniň agyr döwri dowam edýär.

Gresiýada işsizligiň derejesiniň entek hem galjakdygy çak edilýär.

2008-nji ýyldaky çökgünlikden bäri ýurduň ykdysadyýetiniň derejesiniň bäşden bir bölegi töweregi kemeldi. Ýaşlaryň 50 prosentinden gowragy işsiz galdy.

Geljek ýyl Gresiýanyň ykdysadyýetiniň altynjy çökgünlik ýyly bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG