Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Banky Gazagystandan Hytaýa çekiljek ýoly maliýeleşdirýär


Dünýä Banky Hytaýa çenli ýol gurmak üçin Gazagystana $1 milliarddan gowrak karz pul berjekdigini yglan etdi.

Dünýä Banky bilen Gazagystanyň arasyndaky bu şertnama penşenbe güni Astanada gol goýuldy.

300 kilometr töweregi uzynlykdaky bu magistral ýoly Almatydan Horgosa çenli çekiler.
Dünýä Banky bu ýoluň diňe Gazagystana we Hytaýa hyzmat etmän, eýsem bütin Merkezi Aziýa ýurtlary üçin hem tranzit ýol hökmünde ulanyljakdygyny aýtdy.

Dünýä Banky bu taslamanyň regionda söwdanyň ösmegine ýardam bermek mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Bu uly ýol “Günbatar Ýewropa – Günbatar Hytaý” halkara magistral koridorynyň soňky bölegidir. Bu magistral ýolunyň gurluşygy 2015-nji ýylda tamamlanmaly.
XS
SM
MD
LG