Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda pilotsyz hüjümde 10 töweregi adam öldürildi


Penşenbe güni Pakistanyň tire-taýpa regionynda ABŞ-nyň pilotsyz uçar hüjüminde azyndan 10 adam öldürildi.

Orakzai we Demirgazyk Waziristanyň serhedine golaý Baland Hel sebitinde ýerleşýän desga garşy dört sany raketa hüjümi amala aşyryldy.

Orakzai raýonynyň syýasy administratory Huşaý Han hüjüm edilen desganyň Demirgazyk Waziristanda hereket edýän “Hafiz Gul Bahadur” söweşiji toparyň komandiriniň eýeçiligindedigini aýtdy.

Öldürilen söweşijileriň aglabasynyň owganystanlydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG