Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Britaniýanyň ýedi harbysy tussag edildi


Owganystanda geçen ýyl ýüz beren wakada adam öldürenlikde güman edilip Britaniýanyň Roýal deňiz goşunynyň ýedi esgeri tussag edildi.

Penşenbe güni Britaniýanyň goranmak ministrligi wakanyň graždan ilat bilen baglanyşygynyň ýokdugyny we onuň “pitneçiler bilen baglydygyny” mälim etdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, bu ýedi esger Roýal harby polisiýasy tarapyndan penşenbe güni tussag edilipdir we olar Owganystanda tussag edilmändir.

Bu işiň harby ýustisiýa sistemasy tarapyndan alnyp baryljakdygy aýdylýar.

Ministrlik tussag edilen deňiz harby gullukçylarynyň atlaryny aýan etmedi we bu güman edilýän waka barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Owganystanda 9500 Britan esgeri gulluk edýär. Owganystandaky britan esgerleri sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji orunda durýar.
XS
SM
MD
LG