Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýanyň uçarynda Orsýete degişli ok-däriniň bolandygyny aýdýar


Türkiýäniň premýer-ministri Taýýip Ärdogan penşenbe güni eden çykyşynda Ankarada saklanan Siriýanyň ýolagçy uçarynyň Siriýanyň goranmak ministrligine niýetlenen enjamlary we ok-därileri alyp barandygyny aýtdy.

Türkiýäniň häkimiýetleri Moskwadan Damaska uçup barýan Siriýanyň ýolagçy uçaryny razwedka gullugyndan alnan maglumat esasynda çarşenbe güni Ankarada gondurylmagyna buýruk berdiler.

Ärdogan žurnalistler bilen Ankarada geçiren duşuşygynda “Bu enjamlar we ok-däriler Orsýetiň agentliginden ... Siriýanyň goranmak ministrligine ugradylypdyr” diýdi.
XS
SM
MD
LG