Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilber: “Ejemi göresim gelýär”


Özbek-türkmen serhet geçelgesi. Iýun, 2012.
Özbek-türkmen serhet geçelgesi. Iýun, 2012.
Sowet döwründe, ozalky Sowet Soýuzyna girýän respublikalaryň ilaty giňişligiň çäginde hiç hili päsgelçiliksiz sapar edip bilýärdi. Soýuzyň 90-njy ýyllaryň başlarynda dargamagy, ozalky respublikalaryň arasynda serhet liniýalarynyň çekilmegine sebäp boldy.

Şol serhet liniýalarynyň çekilmegi bolsa, Dilberiň maşgalasynyň arasynda hem çäkleriň çekilmegine getirdi. Şol sebäpden Dilber 96-njy ýyllardan bäri kakasy bilen Özbegistanda, onuň ejesi bolsa Türkmenistanda ýaşaýar. Olar, şowly bolanda, ýylda diňe iki gezek duşuşyp bilýärler.

“Täze Tolkun” onuň ýeňil bolmadyk durmuş hekaýasy bilen gyzyklanyp, Dilber bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan näçenji ýylda çykdyňyz?

Dilber: Türkmenistandan hemmämiz, ýagny ejem, kakam, men we jigim 1996-njy ýylda çykyp gaýtdyk. Bir aý geçeninden soňra jigim keselledi, şonuň üçin ejem Türkmenistana gitdi, men kakam bilen Özbegistanda galdym. Ejem bilen kakam ikisi hem işsizdi şol wagtlar, şonuň üçin kakam Türkmenistanda ýokary okuwa girmek kyn, Özbegistanda öz güýjüň bilen girip bilersiň diýip, meni öz ýanynda alyp galdy. Ejem eýýäm aňyrda işe ýerleşipdi.

Azatlyk Radiosy: Ejeň dagy bilen nähili duşuşýarsyň, olar aňsatlyk bilen Özbegistana geçip bilýärlermi?

Dilber: Hawa, üç günlük rugsatnama bar, şonuň esasynda olar Buhara şäherine wizasyz geçip bilýärler. Emma serhetde olaryň goş-golamynyň barysyny barlaýarlar. Ondan başga-da her gezek 10 dollar resmi salgydy töledýärler. Men Daşkentde okuwa girenimden bäri her alty aýdan bir görüşýäris: bir gezek Täze ýyl baýramçylygynda, bir gezegem ýaz aýlary.

Azatlyk Radiosy: Maşgalaňyza beýle ýaşaýyş agyr düşenokmy?

Dilber: Elbetde, kyn, sebäbi biz hem bir öýde bir maşgala bolup ýaşamagy isleýäris. Ejem Özbegistanda ýerleşmek üçin bir aýlyk wiza alyp, Daşkende gelipdi, emma bu taýyk hiç öwrenişip bilmedi. Şeýle-de Daşkendiň howasyna öwrenişip bilmänsoň, onuň kellagyrysy ýygylaşdy. Ondan başga-da bärde, Türkmenistan bilen deňeşdirilende, ýaşaýyş kyn, sebäbi bärde gaz, suw we elektrik togy tölegli, hemme zat gymmat.

Azatlyk Radiosy: Onda näme üçin kakaň bilen ikiňiz Türkmenistana gidip ýaşaňzok?

Dilber: Kakamyň işi gowy, häzir ol Gazagystana gitdi, aýlygy gowy. Ondan başga-da doganlaryny we ejesini bärde taşlap gidesi gelenok. Ejemem şeýle, dogan-garyndaşlaryndan uzakda ýaşamagy kyn görýär.

Azatlyk Radiosy: Eger bir ýerde ýaşamagy saýlamaly bolsaňyz, niräni saýlardyňyz? Özbegistanymy ýa Türkmenistany?

Dilber: Men sekizinji klasda okaýarkam Özbegistana gelipdim, şondan bäri Türkmenistana barmadym, elbetde, ol ýere barasym gelýär, emma men gitsem, kakamam bärde galsa, oňa-da gynanaryn. Ejemi göresim geleninde, oňa jaň edýän, doganym bilen sosial ulgamlarynda gepleşip durýan. Eger hemmämiz bir ýerde ýaşamaly bolan bolsak, onda Türkmenistany saýlardym.

Azatlyk Radiosy: Ejeňiziň Türkmenistanda doganlary bar diýdiňiz, olar bilen görüşmäge mümkinçiligiňiz barmy? Olary soňky gezek haçan gördüňiz?

Dilber: Geçen ýyl, meniň doglan günüme gabatlap, ejemiň gyz dogany Buhara gelipdi, ol pahyr ýolda köp kynçylyk çekipdir, serhetde adamam köp bolup, howa-da yssy ekeni. Ol ýerde üç gün bolup, soň yzlaryna dolanyp gitdiler.

Öň üç günlük kanun ýok döwri ejem tiz-tizden her aý gelerdi. Ol wagtlar näçe galasyň gelse, galyp bilýärdiň. Pikirimçe, bu kanunyň çykanyna 5-6 ýyl boldy. Üç günden köp galsaň, nähilidir bir jerime salynýar ýa-da gaýdyp geçmäge rugsat bermeýärler, ýa-da deport edýärler.
XS
SM
MD
LG