Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda işgärleri saýlap alyş kämilleşdirilýär


Ýazuw synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryň indiki we ahyrky synag tapgyry şahsy iş interwýusyna gatnaşmakdan ybaratdyr.
Ýazuw synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryň indiki we ahyrky synag tapgyry şahsy iş interwýusyna gatnaşmakdan ybaratdyr.
Eger siz bu gün Owganystanda bir etrabyň häkimi wezipesine bellenseňiz, howpsuzlyk problemalaryny nähili çözerdiňiz? Siz güýçli konserwatiw jemgyýetde aýallaryň deňhukuklylygyny nädip üpjün ederdiňiz? Siz döwlete uly ynam we goldaw bolmadyk territoriýalarda hökümetiň syýasatyny nädip amala aşyrardyňyz?

Häzirki wagtda bu sowallar Owganystanda täzelikde ýola goýlan graždan gullukçy wezipelerine işe almak proseduralarynda dalaşgärlerden soralýan esasy soraglardyr.

Alnyp barylýan bu iş ýurduň korrupsiýa bilen göreşindäki uly tagallalarynyň bir bölegidir. Bu göreş hökümete degişli iş orunlaryny kadrlar bilen üpjün etmekde, ýokary gubernator wezipelerinden başlap, has ýönekeý sekretarlyk rollaryna çenli berk ornaşan tanyşparazlyk medeniýetini üýtgetmegi maksat edinýär.

Şu güne çenli gowy tanşy barlar ýa-da para bermek isleýänler öz tanyşlarynyň goldawy bilen işe giren bolsalar, täze düzgüne görä, adamlaryň mundan beýläk diňe öz ukyplaryna görä işe alynjakdygy aýdylýar.

Guramanyň täze proseduralaryna gözegçilik etmek borjy üstüne ýüklenen Owganystanyň “Garaşsyz administratiw reformalar we graždan gulluk komissiýasynyň" aýtmagyna görä, bidüzgünçiligiň bolmazlygy üçin ähli ätiýaçlyk çäreleri görlüpdir.

Bu düzgünde aýdylşyna görä, synaglaryň netijelerine baha goýlanda dalaşgäriň ady gizlin saklanar, şunlukda kandidatlaryň tanyşparazlyk esasynda işe alynmagyna mümkinçilik galmaz. Synaglaryň netijeleri birnäçe günüň içinde belli bolar we eger dalaşgärler derňew we interwýu proseslerinden närazy bolsalar, onda olara şikaýat etmäge, hatda kanuny ýollar bilen degişli instansiýalara ýüz tutmaga hukuk berler. Şeýle-de dürli hökümet we hususy guramalardan hemem daşary ýurtly maslahatçylardan düzülen topar bu proseduranyň ähli tapgyrlaryna gözegçilik eder.

Owganystanyň “Garaşsyz administratiw reformalar we graždan gulluk komissiýasy” geçen aýdan başlap ýola goýlan täze sistemadan soň, welaýat häkiminiň orunbasary, etrap häkimi, şeýle hem merkezi ýa-da welaýat bölümlerinde dürli administratiw wezipelerde işlemäge isleg bildiren iki müňe golaý kandidatyň arza berendigini aýdýar.

Agzalýan gulluk häzirki döwürde boş duran 11 welaýat häkimi we 100 sany etrap häkimlik wezipeleri boýunça kandidatlary saýlamak prosesinde iň ukyply ýolbaşçylary saýlamak üçin iki sany aýry synag taýýarlapdyr.

Owganystanyň “Garaşsyz administratiw reformalar we graždan gulluk komissiýasynyň" bölüm başlygy Azizullah Ariýafar bilim derejesi we iş tejribesi esasynda gysga sanawa alnan kandidatlaryň 300 töwereginiň dürli synaglara gatnaşandyklaryny aýtdy: "Ýazuw synaglarynda kandidatlar isleg bildiren iş orunlary bilen baglanyşykly 6 soraga jogap berdiler. Olar strategiýa, planlaşdyrma we beýleki dolandyryş meselelerini öz içine alýar. Soraglar synag başlamazdan edil bir sagat öň taýýarlandy" diýip, Owganystanyň ”Garaşsyz administratiw reformalar we graždan gulluk komissiýasynyň" bölüm başlygy Azizullah Ariýafar aýtdy.

Ariýafaryň aýtmagyna görä, işe dalaş edýänleriň etniki taýdan gelip çykyşy we syýasy garaýşy saýlaw prosesinde hiç hili rol oýnamandyr.

Ýazuw synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryň indiki we ahyrky synag tapgyry şahsy iş interwýusyna gatnaşmakdan ybaratdyr. Üstünlikli dalaşgärler interwýunyň yz ýany bilen işe alnarlar.
XS
SM
MD
LG