Sepleriň elýeterliligi

Awtobuslarda ikinji gezek ýol petekleri girizildi


Ýol petekleriniň girizilýändigi baradaky bildiriş awtobuslarda ýerleşdirilen.

Ýol petekleriniň girizilýändigi baradaky bildiriş awtobuslarda ýerleşdirilen.

Aşgabatda, 1-nji oktýabrdan başlap, jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslarda ýol petekleri girizildi. Paýtagtyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň administrasiýasynyň bu baradaky bildirişinde ýol petekleriniň ýolagçylara medeniýetli hyzmat etmek maksady bilen girizilýändigi aýdylýar.

Jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslarda soňky dört ýylyň içinde bu indi ikinji gezek ýol peteklerini girizmek synanyşygydyr. Dört ýyl mundan ozal, jemgyýetçilik transportynda ýol kireýi denominirlenen pulda 1 teňňeden 20 teňňä çenli gymmatladylandan soň hem awtobuslarda ýol petekleri girizilipdi. Emma 2-3 ýyldan soň ýol petekler ýatyryldy.

Şol wagt ýol petekleriniň ýatyrylmagynyň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmedi. Emma käbir sürüjiler petekleri satmakda bidüzgünçilikleriň bolanlygy sebäpli ýol petekleriniň ýatyrylandygyny aýdýarlar. Hususan-da, olaryň aýtmaklaryna görä, ýol petekleri gereginden artyk çap edilip, arzan bahadan bikanun lomaý satylyp başlanypdyr.

Jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslarda soňky dört ýylyň içinde bu indi ikinji gezek ýol peteklerini girizmek synanyşygydyr.

Jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslarda soňky dört ýylyň içinde bu indi ikinji gezek ýol peteklerini girizmek synanyşygydyr.

Ýol petekleriniň ýaňadan girizilmegine eýýäm 10 gün geçen hem bolsa, awtobus ýolagçylarynyň köpüsi mundan bihabar. Ýogsam, ýol petekleriniň girizilýändigi baradaky bildiriş awtobuslarda ýerleşdirilen. Ýolagçylaryň bu ýagdaýdan bihabarlygynyň sebäbi-de sürüjileriň şol petekleri satmaýandyklary bilen bagly.

"Diňe barlag bolsa, şeýdip, ýyrtyp ýolagça berýäris" diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik awtobus sürüjisi elindäki ýol petegini ýyrtyp görkezdi.

Ýokarda agzalan bildirişde aýdylşy ýaly, ýol petekleriň bahasy 20 teňňe bolup, ýolagçy awtobusyň öňki gapysyndan girende, sürüji ýol petegini ýyrtyp, oňa bermeli. Şeýle-de, ýolagçy awtobusdan düşende, ulagyň yzky gapysyndan düşmeli. Ýöne, hakykatda beýle däl. Adatdaky ýaly, ýolagçylar sürüjiniň gapdalyndaky guta 20 teňňäni oklap düşýärler. Adynyň efirde tutulmagyny islemedik awtobus sürüjisi bu ýagdaýdan nägile.

"Ýol petekleriniň girizilmegine düşüner ýaly däl. Nämä gerek? Iň soňy biz ýolagçylardan şol petegiň durýan bahasyny alýarys. Onsoňam, ýol petekleri girizilse, onda konduktorlar hem bolmaly. Olar bolsa ýok" diýip, awtobus sürüjisi aýdýar.

Ýol petekleriniň ýaňadan girizilmegine eýýäm 10 gün geçen hem bolsa, awtobus ýolagçylarynyň köpüsi mundan bihabar.

Ýol petekleriniň ýaňadan girizilmegine eýýäm 10 gün geçen hem bolsa, awtobus ýolagçylarynyň köpüsi mundan bihabar.

Awtotransport kärhanasynda işleýän 34 ýaşly inžener-mehanik Agamyrat hem bu sürüjiniň pikiri bilen ylalaşýar: "Häzirki ýagdaýda ýol peteklerini girizmeklik awtobusyň sürüjisine goşmaça kynçylygy döredýär. Onsuzam konduktorsyz işleýän sürüjiler konduktorlaryň işini hem etmeli bolýarlar. Eger-de, konduktorlar bolsa, onda ýol petekleri girizilip şol petekleri konduktor satyp, gözegçilik etse onda sürüjiniň işi ýeňlär“.

2008-nji ýyldan soň, birinji gezek jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslarda ýol petekleri girizilende, paýtagtyň awtobuslarynda ýol peteklerini deşýän komposterler goýlup, konduktorlary işe alyp başlapdylar. Emma, soňra ýol petekleriniň ýatyrylmagy bilen, bu iş togtadyldy.

Käbir beýleki awtobus sürijileri bolsa, ýol petekleriniň doly düzgüne girizilen halatynda, özleriniň işini ýeňilleşdirmeginiň hem mümkindigini aýdýarlar.

"Kähalatlarda awtobus jemgyýetçilik transportynyň sürüjileri üçin ýolagçylardan ýol kireýini almaklyk dawa-jenjele hem eltýär. Sebäbi käbirleri tölemän gaçyp gidýärler. Onsoň olaryň yzyndan kowalap tutmaly. Uruşmaly hem bolýar. Şonuň üçin, sürüjiler duralgalarda öňki gapyny açyp ýolagçylary düşürýärler. Eger petek düzgünleri ýola goýlup, ol kada laýýyk işläp başlasa, adamlar öz petekleri bilen münüp, bidüzgünçilik etmese, ol biziň işimizi hem ýeňilleşdirer" diýip, başga bir awtobus sürüjisi aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG