Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Orsýetiň Siriýa syýasaty "ahlak taýdan çöken"


Türkiýe 10-nji oktýabrda Moskwadan Damaska barýan Siriýanyň ýolagçy uçaryny gondurdy.

Türkiýe 10-nji oktýabrda Moskwadan Damaska barýan Siriýanyň ýolagçy uçaryny gondurdy.

Obamanyň administrasiýasy Orsýeti Siriýa boýunça "ahlak taýdan çöken" syýasat alyp barýanlykda aýyplady.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň aýtmagyna görä, Moskwanyň Başar al-Assadyň režimini gozgalaňçylara garşy ulanylyp bilinjek ýarag bilen heniz hem üpjün etmegine Waşington "çynlakaý alada" bildirýär.

ABŞ-nyň bu beýanaty Türkiýäniň 10-nji oktýabrda Moskwadan Damaska barýan Siriýanyň ýolagçy uçaryny gonmaga mejbur etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

11-nji oktýabrda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan bu uçaryň Assadyň režimi üçin ok-däri we harby enjam äkidip barýandygyny aýtdy.

12-nji oktýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow uçaryň Siriýa üçin niýetlenen ors radarynyň şaý-seplerini kanuny ýagdaýda alyp barýandygyny aýtdy.

Lawrowyň aýtmagyna görä, ýüki Siriýa iberen ors kompaniýasy bu ýükleriň gaýtarylyp berilmegini Türkiýeden talap eder.

Lawrow ne kompaniýanyň adyny, ne-de ýükleriň ahyrky barjak ýerini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmenti Waşingtonyň "çynlakaý harby enjamyň" ele geçirilendigine şübhelenmeýändigini aýtdy.

Emma Lawrow ýüküň "goşa maksat" üçin niýetlenendigini belläp geçip, onuň hem harby, hem graždan maksatlar üçin ulanylyp biljegini aradan aýyrmady.

Döwlet departmentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland ýükleriň kanuny ýagdaýda bolmagynyň mümkindigini kabul etdi. Emma ol Orsýetiň we Hytaýyň BMG-niň Assadyň režimine garşy sanksiýalaryny, şol sanda ýarag embargosyny ret etendigini belläp geçip, bu ýagdaýyň şoňa bagly bolup galýandygyny aýtdy.

"Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa boýunça kabul edilen sanksiýa ýok, sebäbi Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary bolan Orsýet we Hytaý henizem olaryň öňüne böwet basýar" diýip, Nuland aýtdy. "Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki agzalarynyň hemmesi Assadyň režiminiň daşardan goldaw almazlygy üçin bir taraplaýyn elden geleni edýärler".

Türkiýäniň agzalýan uçary gondurmagy Siriýadan türk topraklaryna ok atyşlyklar, şeýle hem bäş sany türk raýatynyň öldürilmegi sebäpli Damask bilen Ankarynyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanan döwrüne gabat geldi.

Siriýada gozgalaňçylar demirgazykdaky Aleppo şäheriniň golaýyndaky howa bazasyny ele geçirendiklerini aýdýarlar. Internetde ýerleşdirilen wideoda olar harby ulaglaryň üstünde ýerleşdirilen äpet raketalaryň ýanynda görkezilýär.

Gozgalaňçylar bilen hökümet güýçleri Siriýanyň iň uly şäheri we söwda merkezi bolan Aleppo şäheriniň üstünde birnäçe aý bäri söweşip gelýärler.

"Al-Taana" howa bazasy Alepponyň gündogarynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG