Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidentiniň ogly M.Bakyýew tussag edildi


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň kiçi ogly Maksim Bakyýew.
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň kiçi ogly Maksim Bakyýew.
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň kiçi ogly Maksim Bakyýew anna güni irden Londonda tussag edildi. Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ony birnäçe jenaýat işinde, şol sanda döwlet gaznasyndan millionlarça dollary ýok etmekde hem aýyplaýarlar.

Maksim Bakyýew Gyrgyzystanyň we Birleşen Ştatlaryň hökümetleriniň haýyşy esasynda tussag astyna alyndy.

Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň daşary syýasat boýunça bölüminiň başlygy Sapar Isakow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda häzirki wagt öz ýurdy bilen Britaniýanyň arasynda raýatlary ekstradisiýa etmek barada ylalaşygyň ýokdugyny mälim etdi.

Maksim Bakyýewiň tussag edilmelidigi barada halkara Interpol gullygynyň internet saýtyndaky maglumat. Maý, 2010.
Maksim Bakyýewiň tussag edilmelidigi barada halkara Interpol gullygynyň internet saýtyndaky maglumat. Maý, 2010.
“Gyrgyzystan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda ekstradisiýa meselesi barada ylalaşygyň ýoklugy sebäpli, häzirki wagt Britan tarapy Bakyýewi Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etmek meselesine garaýar. Bakyýewe bildirilýän aýyplamalar boýunça ABŞ-nyň kanunyna laýyklykda uzak möhletleýin türme tussaglygy göz öňünde tutulýar” diýip, Sapar Isakow belledi.

Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň wekili Sapar Isakow Maksim Bakyýewe bildirilýän aýyplamalar barada-da durup geçip, şeýle diýdi: “Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligindäki maglumatlara görä, Maksim Bakyýewe bildirilýän aýyplamalarda gürrüň esasan gymmat kagyzlar bilen baglanyşykly galplyklar we beýleki ykdysady jenaýatçylyklar barada barýar”.

Maksim Bakyýew Gyrgyzystandaky strategik taýdan möhüm hasaplanylýan Amerikan howa bazasyna ýangyç satmak meselesinde-de korrumpirlenen shemalardan peýdalananlykda aýyplanylýar.

Maksim Bakyýew 2010-njy ýylyň aprelinde halk çykyşlary netijesinde öz kakasy Kurmanbek Bakyýewiň prezidentlik wezipesinden çetleşdirilmeginiň yzy bilen, ýurdy terk edipdi. Ol öz kakasynyň ýurda ýolbaşçylyk eden döwründe inwestisiýalar baradaky döwlet agentligine ýolbaşçylyk edipdi.

Gyrgyzystanyň häzirki häkimiýetleri ony millionlarça dollarlyk maliýe galplyklarynda aýyplaýarlar. Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýetden agdarylmagynyň yzy bilen gözden sumat bolan onuň ogly Maksim Bakyýewe we inisi Janyş Bakyýewe garşy jenaýat işi gozgalyp, Interpol arkaly gozleg yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG