Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda hökümete tarapdar ýaşulularyň edarasy nyşana alyndy


Şenbe güni Pakistanyň Hyber Paktunkwa welaýatynda amala aşyrylan uly bomba partlamasynda ölen adamlaryň sanynyň azyndan 16-a ýetendigi habar berilýär.

Ýerli resmileriň maglumatyna görä, partlama welaýatyň Darra Adam Kel şäherindäki hökümete tarapdar taýpa ýaşulularynyň ofisiniň golaýynda amala aşyrylypdyr.

Bu welaýatyň administrasiýa resmisi Fakhar Uddin bu bombanyň bir kiçi ýük maşyna ýerleşdirilendigini aýtdy.

Ol bu hüjümde parahatçylyk boýunça iş alyp barýan ýerli geňeşiň meýletin işgärleriniň nyşana alnan bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG