Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň ýadygärlikleri GDA-nyň kitabyna girizildi


Anna güni “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bütindünýä mirasy” ady bilen taryhy miraslaryň ensiklopediýasy çapdan çykdy. Bu özboluşly ensiklopediýa albomy GDA döwletleriniň gumanitar hyzmatdaşlyklar boýunça Halkara fondunyň ýardam bermeginde çap edildi.

Onda GDA döwletleriniň territoriýasynda ÝUNESKO guramasy tarapyndan sanawa alnan 35 sany taryhy-arhitektura ýadygärlikleri barada maglumatlar ýerleşdirilen.

Bu obýektleriň hatarynda Türkmenistanyň territoriýasyndaky Gadymy Merwiň, Nusaýyň we Könürgenjiň taryhy ýadygärlikleri-de bar.

Mundan daşary, “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bütindünýä mirasy” ady bilen çap edilen bu kitapda Türkmenistanyň medeni we milli gymmatlyklarynyň taryhy ösuşi barada-da gysgaça syn ýerleşdirilipdir.
XS
SM
MD
LG