Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow UEFA-nyň başlygy M.Platini bilen duşuşdy


Anna güni prezident G.Berdimuhamedow Aşgabada sapara baran Ýewropa futbol birleşikleriniň Geňeşiniň başlygy Mişel Platini bilen duşuşdy.

Bu duşuşykda Berdimuhamedow bilen Platini Türkmenistanda sportuň ösdürilişi, şeýle hem Ýewropanyň bu futbol guramasy bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Bu duşuşykdan soň prezident Berdimuhamedow ýewropaly myhmany paýtagtyň “Aşgabat” stadionyna alyp baryp, bu stadionyň infrastrukturasy bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Ol ýerde 20-nji asyryň iň bir legendar fransuz futbolçysy Mişel Platini ýerli sport muzeýi üçin ýörite futbol topuna öz awtografyny ýazdy.

Şol gün hem Mişel Platini Türkmenistanyň hökümet agzalary, habar serişdeleriniň, futbol we student ýaşlar toparlarynyň wekilleri bilen-de duşuşyk geçirdi.
XS
SM
MD
LG