Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kandagardaky partlamada azyndan bäş adam öldi


Şenbe güni Owganystanyň Kandagar welaýatynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan bäş adam öldi.

Owganystandaky halkara koalision güýçleriň metbugat sekretary Adam Woýak bu ölenleriň arasynda koalision güýçleriň azyndan bir harbysynyň-da bardygyny aýtdy.

Kandagar welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Jawed Faýsalyň aýtmagyna görä, janyndan geçen bu hüjümçi welaýatyň Maruf etrabyndaky bir barlag punktunyň golaýynda biline berkidilgi partlaýyjy enjamy partladypdyr.
XS
SM
MD
LG