Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Siriýa babatda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini tankytlady


Şenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini Siriýadaky krizisleri çözmek meselesinde aýgytly ädimleri ätmeýänlikde tankytlap çykyş etdi.

Stambul şäherinde geçirilýän halkara konferensiýasynda bu barada eden çykyşynda Rejep Taýýyp Erdogan Siriýada gumanitar tragediýanyň dowam edýändigini belläp: “Eger biz Howpsuzlyk Geňeşiniň bir ýa-da iki sany hemişelik agzasynyň rugsadyna garaşyp otursak... Siriýanyň gelejegi uly howp astynda bolar” diýip nygtady.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa barada kabul etmekçi bolan birnäçe aýgytly rezolýusiýalaryna bu Geňeşiň hemişelik agzalary bolan Orsýet bilen Hytaý weto goýupdylar.
XS
SM
MD
LG