Sepleriň elýeterliligi

Ganatly doglan rus zenany


Moskwaly skulptor Zurab Sereteli tarapyndan Marina Swetaýewanyň hormatyna döredilen onuň hatyra-monumenti. Moskwa, 16-njy maý, 2012.

Moskwaly skulptor Zurab Sereteli tarapyndan Marina Swetaýewanyň hormatyna döredilen onuň hatyra-monumenti. Moskwa, 16-njy maý, 2012.

8-nji oktýabrda 20-nji asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen iň görnükli hem tragiki rus şahyrlaryndan biri Marina Swetaýewanyň dünýä inenine (1892-nji ýylda doglan) 120 ýyl boldy. Bu sene diňe bir şahyryň watany Orsýetde däl, eýsem dünýäniň köp beýleki ýurtlarynda-da giňden bellenildi. Marina Swetaýewa uly söz ussady hem kommunistik-bolşewikler syýasatynyň pidalaryndan biri hökmünde tanalýar.

Ynsan kalby dogan bolsa ganatly,
Oňa ne öý gerek, ne köşgi-eýwan!
Çingiz han kimmişin, nämemiş Orda!
Iki sany duşmanym bar dunýede,
Iki ekiz taýy – ýelmenen jebis:
Açlaryň açlygy, dokuň doklugy!
(şahyr Şiralynyň terjimesinden)

Marina Swetaýewa 1892-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde dünýä indi. Onuň kakasy belli filolog hem sungaty öwreniji, Moskwa uniwersitetiniň professory Iwan Swetaýew, ejesi pianist-sazanda Mariýa Meýn.

Marina Swetaýewa (çepde), onuň adamsy S.Ýefron (ýokardan çepde) we onuň ýakyn dosty K.Rodzewiç (ýokardan sagda) Pragada immigrasiýada, Praga, 1923.

Marina Swetaýewa (çepde), onuň adamsy S.Ýefron (ýokardan çepde) we onuň ýakyn dosty K.Rodzewiç (ýokardan sagda) Pragada immigrasiýada, Praga, 1923.

Gyzynyň terbiýesi bilen ejesi meşgullanyp, onuň sazanda bolmagyny isläpdir. Ýöne Marina 6 ýaşyndan rus, fransuz hem nemes dillerinde goşgy ýazyp başlapdyr. 16 ýaşynda Pariže gidip, ol gadymy fransuz edebiýatyndan ýörite leksiýa alypdyr.

Marina Swetaýewanyň döredijiliginiň agramly bölegini gysga hem örän çeper goşgular düzýär. Onuň 20 çemesi ownukly-irili poemasy bar. Ol ençeme proza eserleriniň-de awtorydyr. Olardan drama eserleri, esse häsiýetli prozasy hem ýatlamalary aýratyn tapawutlanýar. Ol ömrüniň soňky böleginde çeper terjime bilen meşgullandy.

Iki güneş sowap barýar –
Rehm et maňa, eý, Taňrym!
Biri meniň gursagymda,
Beýlekisi asmanda.

Ötermikäm öz günämi –
Nädip bu goşa güneş
Meni dälilik kaddyna
Ýetirmegi başardy!

Ýok şöhleleň agyrysy –
Sowap barýar ikisem!
Haýsy has gyzgyn bolsa,
Ilki bilen şol öçer.
(şahyr Şiralynyň terjimesinden)

Marina Swetaýewanyň döredijiligi hem ömri 20-nji asyryň iň galagoply döwrüne gabat geldi. Çagalyk döwründe hem ömrüniň iň hasylly döwründe ol ençeme ýerlerde, şol sanda köp ýyllap Günbatarda ýaşamaly boldy. Onuň bir çagasy açlykdan öldi. Kämillige ýeten gyzy ömrüniň ýaşlyk döwrüni Staliniň lagerinde geçirdi, onuň adamsyny tussaglykda atyp öldürdiler. Ýeke ogly bolsa geçen uruşda wepat boldy. Şeýlelikde, Marina Swetaýewadan gös-göni nesil galmandyr.

Şahyryň ömür ýoly däl, döredijiligi-de örän gözgyny ýagdaýda boldy. Onuň daşary ýurtlarda ýaşan döwründe döreden eserlerinden köpüsi wagtynda çap edilmedi. Soňra bolsa Staliniň gazabyna duşup, “halk duşmanynyň” hossary hökmünde onuň eserleri gadagan edildi. Diňe 1961-nji ýylda, Nikita Hruşewiň “maýylganlyk” döwri başlananda, onuň eserleri çap edildi.

M.Swetaýewanyň Pragada immigrasiýadaka ýaşan jaýyna berkidilen memorial ýazgy. 31-nji awgust, 2012.

M.Swetaýewanyň Pragada immigrasiýadaka ýaşan jaýyna berkidilen memorial ýazgy. 31-nji awgust, 2012.

Ýöne, muňa garamazdan, şahyryň dogruçyl hem doly terjimehaly ýokdy. Eserleri-de dolulygyna okyjylara ýetmändi. Ol barada dürli gürrüňler ýaşaýardy hem galp maglumatlara esaslanýan käbir kitap şekilli golýazmalar ýaýradylýardy.

SSSR-de Gorbaçýowyň ýolbaşçylygynda üýtgedip gurmak we aç-açanlyk döwri başlanandan soň, Marina Swetaýewanyň goşgulary köpçülikleýin kitap bolup çykyp başlady. Şol döwürde şahyr barada örän ygtybarly maglumatlary özünde jemleýän, onuň aýal dogany Anastasiýa Swetaýewanyň “Ýatlama” atly iki tomluk kitaby çykdy, şeýle hem şahyry gören adamlar tarapyndan ençeme ýatlamalar ýazyldy.

Häzirki döwürde Marina Swetaýewanyň ýaşan ýerlerinde hormat ýazgylary goýlan, şahyra degişli köpsanly muzeýler döredildi, birnäçe şäherde onuň heýkelini oturtdylar. Marina Swetaýewa barada dokumental we çeper filmler hem surata düşürildi.

Marina Swetaýewanyň kitaplary çykyp başlanyndan soň, onuň türkmen edebiýatyna-da uly täsiri ýetip başlady. Onuň käbir eserleri türkmen diline terjime edildi. Bu ugurda aýratynam Kerim Gurbannepesowyň hyzmatyny ýatlamak möhüm. M.Swetaýewanyň täsirini türkmen şahyrlary Akjemal Omarowada, Gurbannazar Ezizowda, Annaberdi Agabaýewde, Nobatguly Rejepde, Şiraly Nurmyratda we käbir beýleki şahyrlarda görmek bolýar.

Şahyr Şiraly Marina Swetaýewa barada

Marina Swetaewa 1941-nji ýylda Tatarystanyň Ýelabuga şäherine ugrajak bolanda, öz çemodanyny daňmagy uçin Boris Pasternagyň beren ýüpüni öz boýnundan orap, şol ýylyň 31-nji awgustynda Ýelabuga şäherinde ýagty jahan bilen hoşlaşypdy. Şonda onuň bary-ýogy 49 ýaşy bardy.

Marinanyň aýal dogany Anastasiýa Swetaýewa öz yatlama kitabynyň bir ýerinde Marinanyň hemişe gözlerini potologa dikip, berkräk bir ildirgiç gözläp ýörendigini, iň soňunda-da, bir posly çüýüň ýeterlik bolandygyny ýatlapdy.

Anastasiýa doganyny yatlap, ýene bir gözgyny yagdaýy beýan edyär: “Ýelabuganyň öwlüýäsine baryp, Marinanyň dört guburyň haýsysynda ýatandygyyny hem anyklap bilmedim. Şonuň üçinem, dört mazaryň daşyna ýüp aýladym-da, ‘Şu dört mazaryň birinde Marina Swetaýewa ýatyr’ diýen ýazgyny galdyrdym...”

Moskwadaky Edebiýatçylaryň Merkezi Öýündäki aşhanada gap-çanak ýuwmaga-da alynmadyk we “Açlykdan ýaňa ölum derejesine jetdik!” diýip özelenen Marina Swetaýewa hakdaky söhbedi sagatlap däl, hepdeläp, aýlap dowam etse-de bolardy, ýöne bu sapar biz onuň gyzyla gaplaýmaly setirleriniň erkin terjimelerine nobat beräýsek diýdik:

Düýnem diňe gözlerime bakardyň,
Bu gün bolsa gözüň töweregiňde.
Güşlar oýanýança oturardyň düýn,
Bu gün mollatorgaý öwrüldi garga.

Hawa, sen akylly, men bir kemakyl,
Sen durşuňa gujur, men bir garantga.
Aýallaryň dogabitdi nalasy:
“Aýt, men saňa näme etdim, ezizim?!”

Hem-ä suw, hemem gan – seň üçin gözýaş,
Suwa dönen ganly ýaşa ýuwundyň.
Söýgi – öweý ene; söýgi ene däl,
Rehim-şepagata garaşmaň ondan.

Ezizleri alyp gidyä gämiler,
Olary ak yollar demine dartýa.
Bir iňňildi basýa tutuş ýer ýüzün:
“Aýt, men saňa näme etdim, ezizim?!”

Düýn ýatyrdyň aýaklarmy gujaklap,
Çyn-Maçyn güýjüne deňäp zorumy.
Birdenem ýazdyrdyň eljagazlarňy:
Ömür ýere gaçdy – poslan köpük deý.

Göyä sud öňünde – müzzerip durun,
Çagasyn öldüren heleý mysaly.
Dowzahda duşsamam gaytalaryn men:
“Aýt, men saňa näme etdim, ezizim?!”

Oturgyçdan, düşegimden soraryn:
“Nämüçin çydaýaň bu sütemlere?”
Jogap şeyle: “Başgasyny öpmeli,
Gaýdyp öpülmeseň – kerçelmeli sen”.

Ot içinde ýaşamagy öwretdiň,
Soň taşladyň doňup ýatan sährada!
Ine, janym, maňa seň eden zadyň!
“Aýt, men saňa näme etdim, ezizim?!”

Jedelleşme, men bar zatdan habarly,
Gözlerim açyldy – oýnaşyň däl men.
Söygi haçan yza ätse ädimin,
Ajal-bagban gelýä gaýçysyn somlap.

Agaçlary yralamak gerek däl –
Almaň özi ýere gaçýa bişende.
Sen meni bagyşla ähli zat uçin...
“Aýt, men saňa näme etdim, ezizim?!”

Şu temadan taýýarlanan ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG