Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Litwada, Çernogoriýada we Orsýetde saýlawlar geçirilýär


Ýekşenbe güni Litwada we Çernogoriýada parlamente saýlawlar geçirilýär. Litwadaky saýlawlarda ilatyň arasynda geçirilen pikir soraýyşlyklar saýlawçylaryň köpçüliginiň premýer-ministr Andrius Kubiliusyň konserwatiw hökümetini goldamaýandygyny görkezýär.

Bu saýlawlarda Litwanyň oppozision çepçi güýçleriniň we sosial-demokratlaryň öňbaşçylygyndaky milli partiýalaryň parlamentdäki orunlaryň köplügine eýe bolmaklary mümkin diýlip garaşylýar.

Çernogoriýadaky parlament saýlawlarynda bolsa ýurduň häzirki dolandyryjy syýasy koalisiýasynyň parlamentdäki öz agdyklygyny saklamagy mümkin diýlip çaklanylýar.

Ýekşenbe güni Orsýetiň regionlarynda-da ýerli geňeşlere saýlawlar geçirilýär. Mundan daşary, saýlawçylar ýurduň Amur, Brýansk, Nowgorod, Belgorod we Rýazan oblastlarynyň gubernatorlaryny saýlamak üçinem ses berýärler.

Bu saýlawlaryň gutarnykly netijesi ýakyn günlerde yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG