Sepleriň elýeterliligi

Mawritaniýanyň prezidenti ýaralanyp, keselhana düşdi


Mawritaniýanyň hökümeti şenbe güni ýurduň esgerleriniň ýalňyşlyk bilen atan okundan ýurduň prezidenti Muhammad Ould Abdel Aziziň ýeňil ýaralanandygyny habar berdi.

Maglumata görä, bu wakanyň yzy bilen prezident Muhammad Ould Abdel Aziz paýtagt Nuakşot şäheriniň keselhanasyna alnyp gidilipdir.

Mawritaniýanyň kommunikasiýa ministri Hamdi Ould Mahjoubi şenbe güni prezidentiň ulag kerwenine garşy esgerleriň ýalňyşlyk bilen ok atan bolmaklary mümkin diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Ministriň aýtmagyna görä, bu wakada prezidentiň eline ok degipdir. Ýöne resmiler bu hüjümiň sebäpkärleriniň tussag edilip-edilmändikleri barada maglumat bermediler.
XS
SM
MD
LG