Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň suwüsti we suwasty harby gämileri çaknyşdylar


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň gündogar kenarynda geçirilýän harby türgenleşik wagtynda bu ýurduň bir harby kreýseri bilen suwasty gämisi çaknyşdy.

Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň resmileri bu wakada harby kreýserdäki tehniki lokatoryň gümmeziniň döwlendigini, emma hiç bir adama zyýan ýetmändigini mälim etdiler.

Gämileriň bu çaknyşmasynda atom suwasty gämisiniň dwigateline we ýarag bölümine-de hiç hili zeper ýetmändigi aýdylýar.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, “USS San-Hasinto” atly harby kreýser bilen “USS Monpelýe” suwasty atom gämisi şenbe güni öýlän çaknyşypdyr. Emma bu wakanyň anyk haýsy ýerde bolandygy barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG