Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa öz harbylarynyň bäşisine garşy jenaýat işini gozgady


Ýekşenbe güni Britaniýanyň Goranmak ministrligi Owganystanyň günortasynda ýüz beren adam ýitgileri bilen baglanyşykly waka boýunça bäş sany britan esgeriniň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini mälim etdi.

Geçen hepde şu gürrüňi edilýän waka bilen baglanyşykly Britaniýanyň dokuz sany harbysy tussag edilipdi. Birneme soňra olardan dördüsi boşadyldy.

Britaniýanyň resmileri tussaglykdaky bäş sany harbynyň 2011-nji ýylda Owganystanyň Helmand welaýatynda ýüze çykan atyşyklar bilen baglanyşykly jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini aýdýarlar. Ýöne bu atyşyklaryň jikme-jikligi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Munuň özi 2001-nji ýyldan bäri Owganystandaky wakalar bilen baglanyşykly ilkinji gezek britan esgerleriniň jenaýat jogapkärçiligine çekilmesi hökmünde alamatlandy.
XS
SM
MD
LG